Türkmenbaşy şäherinde esasy ýollaryň biri bolan Magtymguly şaýolunyň durkuny täzelemek işleri ýaýbaňlandyrydy. Işleri Balkan welaýat düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça „Balkangurluşyk“ edarasy şäher abatlaýyş-gurluşyk müdirligi, „Balkanenergogurluşyk“ welaýat edarasynyň bölümleri, „TEK-IMAS“ türk kompaniýasy we beýleki kömekçi potratçy edaralar bilen bilelikde alyp barýar.
Öňde ýoluň gatnalýan bölegini giňeltmek, basketleri gurmak işlerini öz içine alýan ýoluň dört kilometr töwereginiň düşegini çalyşmak, ýanýodalary we şäheriň günbatar bölegindäki „Balykçy“ gyraky halkalaýyn ýolundan „Bahry-Hazar“ kenarýakasy bilen şaýolunyň kesişýän ýerine çenli bölüji zolagy doly täzelemek wezipesi durýar. Dolylykda durky täzeleneýän ýoluň gurluşygynda kuwwatly tehnikalar işledilýär. Aýry-aýry ýerlerde granitli gaýalaryň bardygyna garamazdan, bu tehnikalar Şagadamyň dag geçgitlerinde gabat gelýän päsgelçiliklerinden ýeňillik bilen geçýär hem-de işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
Magtymguly şaýoly şäheriň iň bir gatnawly ýollarynyň biridir. Şonuň üçin hem ýoluň durkuny täzelemek işleri ulaglaryň hereketini togtatmazdan alnyp barylýar. Işler yzygiderlilikde alnyp barylýar: asfaltbetonçylar agyr tehnikanyň yzyndan galman barýaralar we ýoluň öňki düşegi aýrylandan soň onuň nobatdaky böleginde tekizlemek hem-de çäge-çagyl düşegi demrikdirmek bilen, derrew asfalt düşemäge girişýärler. Çagyl we beýleki önümler ýerli känlerden getirilýär, gyzgyn asfalt bolsa – şäheriň golaýyndaky asfalt öndürýän kärhanalardan getirilýär. Asfaltbeton taýýarlanylanda ýol bitumynyň, çaglyň we beýleki önümleriň iň gowy görnüşleri peýdalanylýar. Ýol örtüginiň aşaky gatlagy öýjükli iri, ýokarky bölegi bolsa, dykyz ownuk asfaltbetondan ýerine ýetirilýär.
Häzirki wagtda ýol-gurluşyk bölümleri şäheri ikä bölýän geçgitden Magtymguly şaýolunyň kenar ýakasyndaky birinji derejeli „Bahry-Hazar“ ýoluna birigýän ýerine çenli ýerde zähmet çekýärler. Gurluşygy alnyp barylaýan ýolda yşyklandyryjyly bölüji zolaklar çekilýär. Binagärlik-landşaft ýerleşişini hasaba almak bilen, dag belentliginde basketlerdäki ösümlikleri suwarmak we ýoluň bölüji zolagynda damjalaýyn usulda suwarmak üçin demirbeton uly göwrümli gap gurulýar. Durky täzelenýän ýoluň gatnalýan böleginiň iki tarapy hem bölüji zolakdan on bir çärýek metrden bolup, ol garşylyklaýyn ugur boýunça üç hatar maşyny geçirmek bilen, şäheriň ulag ulgamynyň gatnawyny düýpgöter ýeňilleşdirmäge şert döredýär. „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagyna alyp barýan bu durky täzelenýän şaýoly gündogar tarapdan şähere girilýän ýerini günbatar tarapa çykylýan ýerini tizlikli hereket edilýän uly ýola birikdirer.
Şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde seýilgähleriň, binagärlik-konstruktiw taýdan durkuny täzelemek we täze ýaşaýyş jaýlarydyr jemgyýetçilik binalaryny, inženerçilik we ulag kommunikasion ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslama işlerini amala aşyrmak dowam etdirilýär.