„Türkmennebit“ Döwlet konserniniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawçylary şu ýylyň ilkinji bäş aýynda bellenilen borçnamadan artyk 3000 metr buraw işlerini geçirmegi başardylar. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür.
Gelejegi uly bolan bu ýatagy senagat taýdan özleşdirmek işleri bir ýarym ýyl mundan öň başlanyldy. Şol wagt demirgazyk, Goturdepäniň deňiz böleginde geçirilen geologiýa-gözleg işleri iş ýüzünde nebit we gaz baý gorlarynyň bardygyny tassyklady.
Burawçylar nobatdaky guýuda buraw işlerini geçirenlerinde taslama çuňlugyna ýetmän, 4192-4216 metr çäklerden „gara altynyň“ senagat akymyny almagy başardylar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, täze guýynyň bir gije-gündüzde önüm berijiligi 400 tonna barabar nebiti berýär. Bu bolsa öz nobatynda, onuň gelejeginiň ulydygyna uly ynam döredýär. Muny „Goturdepe“ nebit-gaz çykaryş müdirliginiň işgärleri hem tassyklaýarlar.
Bu täze ýatakda ulanylmaga berilen ilkinji guýy däldir. Häzirki wagtda bu ýerde ýene-de üç guýyda buraw işleri geçirilýär.