Ï Aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlary

view-icon 2521
Iň täze sanly tehnologiýalar easynda telekommunikasiýa ulgamyny hemme taraplaýyn döwrebaplaşdyrmak dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda ýurduň ýerli aragatnaşyk ulgamynda „Nokia“, „Simens“ we „Huaweý“ sanly kommutasion ulgamy giňden özleşdirilýär. Aşgabadyň, welaýatlaryň we beýleki etrap merkezleriniň aragatnaşyk ulgamy ýokary aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän sanly awtomatlaşdyrylan aragatnaşyk beketlerinden durýar.

Häzirki zaman sanly beketler adaty ses aragatnaşygyndan başga hem wideoşekil, konferens-aragatnaşyk, belgini kesgitlemek,täzeçe salgylamak ýaly köp sanly goşmaça hyzmatlary ýerine ýetirmäge şert döredýär. Paýtagtyň aragatnaşyk ulgamynda bolsa, ýaňy-ýakyndan bäri NGN görnüşli, ýagny bekediň indiki nesli, ATS ulanylyp başlanyldy. Bu beketleriň müşderileri Internet toruna birikdirmek üçin we maglumatlary bermek, şeýle hem ses we şekilli jaňlary amala aşyrmak ýokary tizlikli kanallary bermäge ukyplydyr.

2004-nji ýylda döredilen „Altyn Asyr“ ykjam aragatnaşyk ulgamy GSM standartly Operatorlaryň bütindünýä assosiýasyna agzalygyna kabul edildi. Bu ýerde Türkmenistanyň ykjam milli aragatnaşyk ulgamy „TM GELL“ ykjam aragatnaşyk ulgamy 438 02 belgi bilen hasaba alyndy. Milli ykjam aragatnaşyk ulgamy gysga döwrüň içinde ýurduň hemme ýerine diýen ýaly ýaýrady. Hazirki wagtda müşderileriň 2 million 600 müňden gowragyna hyzmat edýär. Türkmenistanyň ilatly nokatlarynyň ählisinde diýen ýaly, şol sanda uzakda ýerleşýän we barmasy kyn bolan ýerlerde, awtomobil we demir ýollarynyň ugurlarynda müşderiler ykjam aragatnaşygyň ýerli operatorynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurduň telekommunikasion ulgamynyň dünýä habar beriş giňişligine goşulyşmagy barada maksada gönükdirilen işleri amala aşyrýar. Şeýlelikde, eýýäm Bekdaş ilatly nokadynyň sebtinde süýümli-optiki ulgamy Gazagystan bilen birleşdirmäge, şeýle hem Serhetabat we Ymamnazar nokatlarynda Owganystan Yslam Respublikasy bilen göni aragatnaşyga birkdirmek taýýar edildi. Şular ýaly alnyp barylýan işler doslukly ýurtlar bilen göni aragatnaşykda bolmaga şertleri döredýär, üstaşyr geçirmeleriň aradan aýrylmagy sebäpli Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin uly göwrümde bähbitleri getirer.

Döwlet tele-radio ýaýlymlarynyň ýaýlym we hemra aragatnaşygynyň alnyp görkezilişini üpjün etmek hem Ministrligiň borjuna girýär. Hemra aragatnaşygy arkaly Türkmenistanyň teleradioýaýlymlaryny diňe bir Türkmenistanyň çäklerinde däl, eýsem dýnýäniň 66 ýurdundan hem köpräk ýerde diňlemäge we tomaşa etmäge mümkinçilik bolar.