„Türkmenpagta“ Döwlet konserniniň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 35-nde öňde duran möwsüme taýýarlyk görmegiň çäklerinde enjamlary düýpli abatlaýyş, gözden geçiriliş işleri alnyp barylýar. Pagta taýýarlaýyş nokatlarynyň 159-nda hem abatlaýyş işlerine başlanyldy.
Pagtany kabul etmek, saklamak, daşamak we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen enjamlary we ýöriteleşdirilen tehnikalary düýpli abatlamak işleri her ýyl geçirilýär. „Türkmenpagta“ Döwlet konserniniň abatlaýyş-üpjün ediş kärhanalary enjamlaryň yzygiderli üznüksiz işlemegi üçin gerek bolan enjamlary we şaýlary taýýarlaýar we gaýtadan dikeldýär. Şeýle hem gerek bolan enjamlar daşary ýurtlardan getirilýär.
Pagta ýygym möwsümine çenli Tejende täze pagta taýýarlaýyş nokady hasyly kabul etmäge taýýar ediler. Öňki işleýän nokatlary ilatly nokatlarda uzak ýerlere göçürmek işleri alnyp barylýar. Meselem, Baharly sebitlerindäki pagta taýýarlaýjy nokady başga bir ýere göçürildi.
Bu pudagy döwrebaplaşdyrmak dowam etdirilýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze pagta arassalaýjy kärhana gurulýar. Bu desganyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolar.
Däp bolşy ýaly, ýurduň günorta sebitleri eýýäm awgust aýynyň ikinji ýarymynda pagta ýygymyna girişerler.