Ruhabat etrabyndaky “Ruhubelent” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hasyly kabul edip başlady. Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasynyň wekilleri , “Ruhubelent” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we ýaşulular kärendeçileri bu waka bilen gutladylar.
184 kärendeçi 500 gektar meýdanda pomidor ösdürip ýetişdirýärler we bu önümiň 10 müň tonnasy bilen üpjün edýärler. Üstesine-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň kärendeçileri hem öz islegi bilen önümi satýarlar.
Pomidor hasylyny satmak boýunça kärhana bilen şertnama baglaşan kärendeçileri, Ruhubelent” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumy şitil bilen üpjün edýär. Şu möwsümde ýerli howa we toprak şertlerine gabat gelýän hem-de ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan golland “Topsport”, “Benita”, “Polbig” we beýleki görnüşlerine uly isleg bildirilýär.
Bu kärhana gelip gowuşýan pomidorlar dünýäniň meşhur firmalarynyň önümleri bilen üpjün edilen kärhananyň önümçilik bölümlerinde gaýtadan işleniler. Ekologiki taýdan arassa bolan pomidor goýaltmasy, ketçuplar hem-de pomidor şireleri halkyň arasynda hemişe uly işlegden peýdalanýar.