Ï Bol hasyl ugrunda alada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol hasyl ugrunda alada

view-icon 857
18 müň 300 gektar meýdany eýeleýän şaly ekinine ideg etmek üçin oba hojalyk çärelerini geçirmek işleri dowam edýär. Şu günler ekin ekilen meýdanlarda topragy azot döküni bilen iýmitlendirmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar, ekinleri gerek bolan suw bilen üpjün etmek işleri elmydama gözegçilikde saklanylýar.

Toprak-howa şertlerini nazarda tutmak bilen, şaly ekini üçin amatly ýerler bolan ýurduň Daşoguz welaýatynda (S.Türkmenbaşy ad. etrap) we Lebap welaýatynyň Galkynyş, Serdarabat, Halaç, Artamyrat, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplarynda ekilýär.

Köp ýyllaryň dowamynda toplanan iş tejribesi netijesinde bu oba hojalyk ekininiň belli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olar ýokary hasyllylygy, çalt ýetişýänligi, gurakçylyga we kesele garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň hatarynda „Nukus-2“, „Ak merjen“, „Awangard“ ýaly görnüşlerini görkezmek bolar. Kada bolşy ýaly, topraga tohum taşlamak işleri her ýylda güýzlük bugdaýy orulup tamamlan meýdanlarda geçirilýär. Adatça boşy ýaly, aralyk ekinini ekmek işleri iýun aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Däp bolşy ýaly, şalynyň hasylyny ýygnamak işlerine güýz paslynyň ilkinji aýynda badalga berilýär. Türkmen şalyçylary şu ýyl 80 müň 600 tonna şaly ýygnamagy maksat edinýärler.