Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan gelen telekeçiler tehniki kükürt kislotasyny (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşarky bazarda dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, nah ýüplükler, pagta süýümi, garaköli we saryja goýunlaryň ýüňi ýerlenildi. Satyn alyjy ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Belarus. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Pakistanyň, Kipriň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini we matany, pagta ýagyny, garaköli we saryja goýunlaryň ýüňüni, pagta künjarasyny we dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi möçberi 15 million 800 müň manatdan gowrak boldy.