Şu gün Beýik Britaniýanyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynyň birinde ýerleşen Flagştoglar seýilgähinde Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň garşylanyş we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň ýokary galdyryş dabarasy boldy.
Dünýäniň esasy sport bjsleşiklerinde mähriban Watanymyza wekilçilik etmek bagty miýesser eden türkmen türgenlerini Olimpiýa şäherjiginiň meri jenap Çarlz Allen mähirli garşylady.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan gelýän türgenleri Londonda geçirilýän sport bäsleşiklerinde garşylamak biziň üçin buýsançly wakadyr diýip, Olimpiýa şäherjiginiň ýolbaşçysy belledi we türkmen türgenlerine uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Indi ýurdumyzyň ýaşyl tugy Olimpiadanyň ýapylyş gününe çenli Beýik Britaniýanyň paýtagtynyň mawy asmanynda buýsançly pasyrdar. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň galdyrylmagy mynasybetli geçirilen dabara tamamlanandan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary Olimpiýa şäherjiginiň baştutanyna ýadygärlik sowgatlaryny, şol sanda milli buýsanjymyz bolan ajaýyp türkmen halysyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan we sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, sagdyn durmuş ýjrelgelerini, Olimpiýa hereketiniň öňe ilerlemegini wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreleri öz içine alýan sport ulgamyndaky ägirt uly özgertmelere bagyşlanan, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen, owadan bezegli “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly kitabyny gowşurdylar.
Bu ýerde geçirilen dabara müňden gowrak adam gatnaşyp, olaryň hatarynda Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Beýik Britaniýanyň we dünýäniň dürli ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmagy mynasybetli Londonyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilen dabara hakyky baýramçylyga öwrüldi. Onda türkmen türgenlerini özüniň sport, aýdym-saz we sirk çykyşlary bilen mähirli garşylan Beýik Britaniýanyň Milli ýaşlar teatrynyň artistleri belli “Kwin” toparynyň gaýtalanmajak sazlary we sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň senasy bolan “Biz çempion!” diýen aýdymy bilen garşyladylar.
Bu ýerde guralan dabara Türkmenistanyň wekiliýetiniň gyzyl ýoda arkaly guralan dabaraly ýörişi bilen tamamlandy. Ol ýerde dünýäniň dürli dillerinde, şol sanda türkmen dilinde “Hoş geldiňiz!” diýen ýazgy bar.