Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasynyň we Ahal welaýatynyň häkimliginiň gurnamagynda ökde bakjaçylaryň bäsleşiginiň welaýatdaky jemleýji tapgyrynyň geçirildi.
Bäsleşik birnäçe bellenilen nominasiýalar boýunça geçirildi. “Altyn gawun”- nominasiýasynda Kaka etrabynyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginden Döwletgeldi Ataýew, “Äpet garpyz” nominasiýasynda 29,15 kg agramly garpyzy ýetişdiren Altyn asyr etrabynyň “Zähmet” daýhan birleşiginden Baýsähet Sapargulyýew mynasyp boldular. “Iň uly kädi” nominasiýasynda 22,8 kg kädini ösdürip ýetişdiren, Baharly etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginden Gurbanmyrat Hekimow ýeňiji boldy.
Türkmen topragy tutanýerli we irginsiz zähmete jogap edip, öz bal ýaly tagamy bilen tapawutlanýan gawunlary we garpyzlary, kädileri ýetişdirýär. Şol bir wagtda özboluşlylygy bilen tapawutlanýan dürli hili bakja önümleri hem ösüp bilýär. Şonuň ýaly ýagdaýlar üçin “Bakjanyň täsinligi” ady bilen nominasiýa tassyklandy. Bu ýerde Sarahs etrabynyň Gaňňaly daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulgözel Akgaýewanyň ýetişdiren “Goşa gawunyny” mysal edip getirip bolar. Emin agzalaryň pikirine görä Ahalyň iň oňat seçgiçisi we tohumçysy adyna Babadaýhan etrabynyň “Zähmet” daýhan birleşiginden Serdar Sapargulyýew boldy.
Bu ýaryşyň ýeňijileri Gawun baýramy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilijek çärelere gatnaşarlar.