Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda edilen söwdalarda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Kiprden we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen L-0,2 - 62 belgili dizel ýangyjyny, gidroarassalaýyşdan geçen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyçlyk mazudy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna süýji-köke önümleri, nah ýüplükleri, gara mallaryň we dowarlaryň derileri, pagta süýümi, garaköli goýunlaryň ýuwulan ýüňü, nah ýüplükleriň galyndylary satyldy. Olary satyn alan ýurtlar Hytaý, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Lihtenşteýn, Owganystan, Gyrgyzystan we Wirgin adalarydyr. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 148 million 381 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine BAE-den, Owganystandan, Ukrainadan we Gyrgyzystandan gelen işewür toparlarynyň wekilleri dürli ölçegdäki tekiz reňklenen we tüýjümek polotensalary, tüýjümek halatlary, arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplükleri, garaköli goýunlaryň we geçileriň ýuwulan ýüňlerini, pagta şrotyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9 million 877 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri azyklyk dänäni, reňklenen tüýjümek matalaryň galyndylaryny, ýüplükleriň, şeýle hem pagta egirmeleriň galyndylaryny satyn aldylar. Onuň umumy bahasy 740 müň manatdan gowrak boldy.