Ï Işbil dänesinden tagamly nygmata çenli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Işbil dänesinden tagamly nygmata çenli

view-icon 745
Balygy gaýtadan işleýän häzirki zaman toplumy ýurtda balygy köpeltmekde we gaýtadan işlemekde ilkini toplumdyr. Bu toplum Aşgabadyň howdan hojalygynyň çäklerinde paýtagytdan 70 kilometr uzaklykda döredildi.


Önümçilik 6 bölümçeden ybarat bolan mollýuskalardan başlanýar, şeýle hem bu ýerde ene balyklar üçin wannalar ýerleşýär. Filtirden geçirilen we dezinfisirlenen ultramelewşe şöhleli arassa akyp duran suwly inkubatorlarda işbil däneleri karpyň kiçijek balyjaklaryna öwrülýär. Bir ýyldan soňra, balyk tutmagyň nobatdaky möwsüminde olar haryt agramlygyna ýetýärler.


Kärhanada ýylda 50 müň tonna balygy ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Muňa inkubasiýa bölüminiň ýakynynda gurulýan ene balyklar saklanylýan howdan gem şert döreder.

Gaýtadan işleýän önümçilik berk arassaçylyk talaplaryna laýyk gelýär. Tehnologiki işiň ählisi – çig malyň gelip gowşan wagtyndan taýýar önüme çenli – kärhananyň barlaghanasynyň gözegçiligi astynda bolýar. Bölümlerde uly termoizolýasion, germetiki ýapylýan gapylar oturdylandyr. Bu bolsa her bir önümçilik ýerde gerek bolan temperaturany saklamaga mümkinçilik berýär.\



Önümiň görnüşleri örän baýdyr. Olar kakadylan, tüssede kakadylan, duzlanan, marinada ýatirylan, üwelen, süňki aýrylan balyk ýaly önümlerden ybaratdyr. „Ýüpek“ aýaz usuly biziň ýurdumyzda ilkinji sapar ulanylar. Onuň netijesinde bolsa, zagaranyň, tüňňi maňlaýyň, ak amuryň we beýleki balyklaryň örän arassa we tagamly böleklerini alyp bolýar.

Bu toplumyň kuwwatlylygy ýylda 170 tonna balyk önümlerni öndürmäge niýetlenendir. Kärhana bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen balyklardan başga hem ýurduň içerki howdanlarynda tutulan balyklary hem gaýtadan işläp biler. Bu täze toplumyň ekologiki taýdan arassa önümçilikdigini hem belläp geçmelidiris. Gaýtadan işlenen önümleriň galyndylary balyk ununy we balyk ýagyny almak üçin çig mal bolup hyzmat eder.