Türkmen paýtagtynda umumymilli baýramçylygyň-Türkmen gawunynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň buýurmasy boýunça türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan gurlan “Şamçyrag” söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasyna dürli pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, şäheriň jemgyýetçiliginiň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň okgunly ösýän bu günorta böleginde soňky ýyllarda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň köp sanlysy guruldy. Munuň özi bu ýerde ajaýyp binalar toplumynyň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze söwda merkezi hem şol toplumyň özboluşly bezegine öwrüldi.
Täze desganyň açylyş dabarasynda hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Bu ýerde gülläp ösýän Watanymyzyň bagtyýar zamanasyna bagyşlanan aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Täze üç gatly söwda merkeziniň umumy meýdany 3100 inedördül metre barabardyr. Onda ýurdumyzyň Azyk senagaty assosiýasiýasynyň kärhanalary, şeýle hem hususy haryt öndürijiler tarapyndan öndürilen azyk önümleriniň köp görnüşleri goýlupdyr.
Söwda merkeziniň tekjelerinde we sowadyjylarynda täze harytlar hem az däl. Olaryň arasynda “Sümmül” paýdarlar jemgyýetiniň gazly suwlary, “Körpe” kärhanasynyň dürli süýt önümleri we beýlekiler bar. Bu ýerde şeýle hem “Akja” kärhanasynyň ýokary hilli önümlerini, “Maryşeker” zawodynyň dürli gaplarda gaplanan gantlaryny, “Ruhubelent” paýdarlar jemgyýetiniň öndüren miwe şirelerini, “Türkmengallaönümleri” assosiýasiýaysnyň kärhanalarynyň ýokary hilli un we unaş önümlerini, “Ahal” ýag zawodynyň ýaglaryny, “Baýramaly” paýdarlar jemgyýetiniň süýt önümlerini, dürli şöhlat önümlerini we beýlekileri satyn almak bolýar.
Täze merkeziň sowadyjylarynda şeýle hem ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň onlarçasy tarapyndan çykarylan alkogolsyz içgiler, “Ahal”, Daşogzuň “Altyn ýag”, Baýramalynyň “Ak pamyk” ýag zawodlarynyň pagta ýaglary, şeýle hem balyk, et we gök önüm konserwalary, üwmeçler we beýleki önümler ýerleşdirilipdir.
Däp bolşy ýaly, bu ýerde süýji-köke önümleri örän köpdür, uly açyk tekjäniň üstünde bolsa Aşgabadyň çörek zawodynyň we hususy önüm öndürijileriň örän köp dürli önümleri ýerleşdirilipdir. Eýýäm şu gün ilkinji alyjylara çörek-bulka önümleriniň 10-a golaýy görnüşi hödürlenildi. Söwda zalynda gök önümler we miweler köp ýeri eýeleýär. Olar ýörite enjamlaşdyrylan söwda tekjelerinde ýerleşdirilipdir. Bu ýerde hojalyk harytlary, aşhana gap-gaçlary, durmuşa ulanylýan elektrik enjamlary ýerleşdirilen bölüm hem bar.
Täze desganyň täsin binagärlik keşbinde milli binagärligiň aýratynlyklary we bu babatda öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulypdyr. Söwda merkeziniň daşy ak mermer we granit bilen örtülipdir. Binada harytlar bilen doldurylan söwda zallary, häzirki zaman edara jaýlary we oňat enjamlaşdyrylan ammarlar ýerleşdirilipdir. Ammarlarda harytlaryň ýokary hilli saklanmagy üçin zerur bolan howa şertleri döredilipdir.
Dabara gatnaşyjylar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada ýadawsyz alada edýändigi üçin
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.