Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýangyç mazudyny, suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny hem-de polipropileni satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazut we göni işlenen benzin Marşall we Wirgin adalaryndan gelen işewürleriň satyn alan harydy boldy. Mundan başga-da daşary ýurt puluna dürli ölçegdäki tekiz boýalan we jakkard tüýjümek polotensalar, kosmetika serişdeleri hem-de parfýumeriýa, pagta süýümi, çig ýagly kislotalar ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik, Britaniýa, Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Eýran, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 170 million 774 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň Awstriýanyň, Gonkongyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli ölçegdäki we tekiz boýalan jakkard tüýjümek polotensalary, arassalanan pagta ýagyny, boýalan tüýjümek önümleri (polotensalar, düşek örtükleri), joraplary şeýle hem zenan egin-eşiklerini, ýuwulan garaköli, saryja goýnuň ýüňüni, düýe ýüňüni, nah ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 17 million 135 müň manada deň boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 103 müň 500 manatlyk dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.