Ï Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi

view-icon 741
Şu gün Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Bu örän möhüm oba hojalyk möwsümine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bir wagtyň özünde başladylar.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulularyň Beýik Biribardan geljek ýylyň tomsunda bereketli türkmen topragynyň ak bugdaýyň bol hasylyny eçilmegi baradaky dilegleri bilen güýzlük bugdaý ekişine ak pata berildi. Ekiş üçin göwnejaý derejede taýýarlanan topraga il sylagly ak sakgallaryň we olaryň ýaşajyk kömekçileriniň “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen ýagşy niýet bilen güýzlük bugdaýyň ilkinji tohumlaryny oklanlaryndan soň, ýokary öndürijilikli häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar ekişe başladylar.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem ýurdumyzyň galla meýdany 860 müň gektara barabar bolar. 2013-nji ýylda şol ýerden 1 million 600 müň tonna däne ýygnamak, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 450, Mary welaýatynda 380, Lebap welaýatynda 350, Daşoguz welaýatynda 300 we Balkan welaýaty boýunça 120 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Türkmen ekerançylary galla oragy tamamlanandan soň oba hojalyk meýdanlarynda geljek ýyl üçin bugdaý ekmek maksady bilen göwnejaý taýýarlyk işlerini geçirdiler. Güýzlük bugdaýyň ekişi üçin “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy-1” we “Türkmenbaşy”, “Batko”, “Ýubileý-100” ýaly azyklyk bugdaýyň ýokary hasyl berýän sortlary öňünden taýýarlanyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesinden “Irişka”, “Wassa” we “Nota” ýaly tohumlaryň 1 000 tonnasy satyn alyndy.

Gallaçylar zerur bolan oba hojalyk tehnikasy bilen doly üpjün edildi. “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynda TDH-a habar berişleri ýaly, ýurdumyz boýunça şu ýyl “Keýs”, “Jon Dir”, “Klaas”, “Belarus-80 H” we “Belarus-82.1” kysymly sürüm we ekiş traktorlarynyň 5 müň 200-den gowragy taýýarlanyldy. Olaryň 800-den gowragy 2012-nji ýylda gelip gowşan täze tehnikalardyr. Şeýle hem möwsümde ekiş abzallarynyň we gurallarynyň 1750-si ulanylar. Mahlasy, bol hasyl almagyň girewi bolan ekiş işlerini guramaçylykly we üstünlikli geçirmek üçin ähli şertler bar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuşyny we abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmek boýunça maksatnama” obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmak bilen, biziň ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösen we gülläp ösýän döwlet hökmünde ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder.

Milletiň Lideriniň başlangyjy bilen oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, himiýa senagatyny ösdürmek, suw bilen üpjünçilik meselelerini gowulandyrmak maksady bilen yzygiderli goldaw berilýär. Oba senagat toplumynyň düzümleri üçin häzirki zaman traktorlar, kombaýnlar we beýleki tehnikalar satyn alynýar.

Oba hojalygyny özgertmegiň maliýe-ykdysady ugurlary babatda bolsa, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak üçin, şeýle hem oba hojalyk önümçiliginiň çykdajylaryny maliýeleşdirmek maksady bilen daýhan birleşiklerine ýeňillikli karzlaryň birsyhly berilýändigi barada aýtmak ýerlikli bolardy. Dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň has kämil usullarynyň ulanylmagy oba zähmetkeşlerini has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, önümçilige öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, seçgi işleriniň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ylma uly orun degişlidir. Türkmen alymlary ugurdaş ylma-barlag institutlarda oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça iň gowy dünýä tejribesini öwrenip, ylmy-barlag işlerini geçirýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar.

Mundan başga-da, "Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suw bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamanyň” we beýleki iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde sebitleriň ählisinde türkmen obasynyň keşbini düýpli özgertmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 2-nji awgustynda bolup geçen maslahatda obasenagat toplumynyň düzümleriniň öňünde milli ykdysadyýetiniň ileri tutulýan bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutany daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk önümleriniň ýerini tutjak önümleriň dürli görnüşleriniň öz ýurdumyzda öndürilýän möçberini artdyrmagyň döwletimiziň obasenagat syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtamak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny giňden ornaşdyrmagyň, şunda her bir welaýatyň toprak howa şertlerini göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýratyn belledi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, topragyň önüm berijiligini we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylygy ösdürmek, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we suwaryş suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilmelidir.

Şu nukdaýnazardan, täze degirmenleriň we un üweýän toplumlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyny hem hasaba almak bilen gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň uly ähmiýeti bardyr. Şuňa mysal edip, diňe soňky birnäçe ýylyň içinde Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 50 müň tonna dänäni saklamaga, şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 30 müň tonna däne saklamaga niýetlenen häzirki zaman kuwwatly degirmenleriň işe girizilendigini aýtmak bolar. “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň buýurmasy boýunça gurlan bu desgalaryň ählisi önümçiligi awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän täze abzallar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararlaryna laýyklykda, dänäni saklamak we un öndürmek boýunça täze kärhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde her biri 100 müň tonna däne saklamaga niýetlenen degirmenli we ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenen iri kärhanalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Balkan welaýatynyň Serdar, Daşoguz welaýatynyň Görogly we Mary welaýatynyň Mary etraplarynda her biri 50 müň tonna däne saklamaga niýetlenen degirmenli we ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenen şunuň ýaly kärhanalar gurulýar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň öz taryhynda ilkinji gezek daşarky bazarlara azyklyk dänäni çykarmagy barha batly gadamlar bilen ösýän döwletimiziň gazanan ägirt uly üstünlikleriniň biridir. Hususan-da, 2010-njy ýylda ýetişdirilen hasyldan Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşary bazara 150 müň tonna, içerki bazara bolsa 30 müň tonna bugdaý satyldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15-nji iýunynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasyna 2011-nji ýylda öndürilen bugdaý hasylyndan, ýurdumyzyň içindäki sarp edilýänden daşgary 300 müň tonna gallany daşarky bazarlarda ýerlemäge ygtyýar berildi.

Bularyň ählisi ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen, şol sanda özümizde öndürilýän bugdaýdan taýýarlanýan çörek önümleriniň hasabyna doly üpjün etmek meselesiniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Güýzlük bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Watan”, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň “Türkmenistan”, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Zähmetkeş”, Lebap welaýatynyň Garabekewul etrabynyň “Watan” we Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Aşgabat” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmengallaönümleri” we “Türkmenobahyzmat” assosiýasialarynyň düzümleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň, pudaklaryň hünärmenleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, miraplaryň we gallaçy-kärendeçileriň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite maslahatlarda ekiş möwsümini göwnejaý geçirmäge, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda zerur bolan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi, şeýle hem bu ugurda tejribe alyşmagyň meseleleri barada gürrüň edildi.

Ýygnananlar oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladalary, ata Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Maslahatlaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň, mineral dökünleriň, ösümlikleri mör-möjeklerden we zyýan berijilerden goramak boýunça himiki serişdeleriň, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümleriniň sergileri guraldy. Bu şanly waka mynasybetli welaýatlaryň aýdym-tans we folklor toparlary gyzykly konsert maksatnamasyny taýýarladylar.

Şanly waka mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine toý sadakalary berildi.