Ï Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisi

view-icon 864
2012-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisi boldy. Onlda edaranyň öňünde durýan wezipeleriň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mejlisde guramaçylyk meselelerine garaldy. Başga işe geçmegi sebäpli P.Taganow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýeti M.Şaliýewi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipelerine saýlady.