“Türkmennebit” Döwlet konserniň buraw işleriniň Nebitdag müdirliginiň burawçylary ýedi aýyň dowamynda 3029 metr guýy gazdylar. Bu görkeziji bellenilen borçnamadan has köpdir. Ulanylmaga sekiz sany buraw guýulary berildi, olardan üçisi bellenilen meýilnamadan daşarydyr. Müdirlik boýunça jemi 36122 metre barabar buraw işleri geçirildi.
Gözleg buraw işleriniň çäkleri ýyl ýyldan giňelýär. Bu bolsa diňe günbatar nebit-gazly sebitiniň tebigy baýlyklarynyň hasabyna däl. Mysal üçin, Merkezi Garagumyň jümmüşlerinde Nebitdag müdirliginiň burawlaýjylary tarapyndan Mydar ýatagy özleşdirilýär. Burawlaýjylar göçýän çäge gum depeleri ýaly nebit we gazyň ulanylman ýatan ýerleriniň gözleginde bir ýerden başga ýere göçüp gonup ýörýärler. Mydar ýatagynda taslamada göz öňünde tutulan çuňlugy 2000 metr bolan 17-nji buraw guýusy ulanylyşa berildi.
Ýurdumyzyň gadymy ýataklarynyň biri bolan Barsagelmezde täze nebit-gaz wyşkalarynyň sany köpelýär. Bu gün bu ýataga ikinji gezek jan giren ýaly, “gara altynyň” we “mawy ýangyjyň” möçberi has köpeldi. Muňa burawçylar hem uly ýardam edýäler. Taslama taýdan çuňlugy 2700 metre, gundeki çykymy 120 tonna nebide barabar bolan buraw guýularyň toplumy ulanylyşa berildi. Ulanylýan guýularyň birinden 2000 metr çuňlukdan nebit alyndy. Taslama taýdan 4800 metr bolan, 1231-nji skwažinadan , 4000 metr çuňlugy geçildi. Bu buraw guýusyndan ýakyn wagtda nebit alynjakdygyna burawjylar ynanýarlar.