Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 741
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda edilen söwdalarda geleşikleriň 31-si baglaşyldy.

Daşary ýurt walýutasyna Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Owganystandan şeýle hem Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyçlyk mazudy, suwuklandyrylan gazy, tehniki kerosini we tehniki kükürdi satyn aldylar. ABŞ-dan gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki uglerodyny aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna dürli ölçegdäki tekiz reňklenen tüýjümek polotensalar, nah ýüplükleri we pagta süýümi ýerlendi. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Ukrainadan gelen işewürler satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 102 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Ukrainadan, Gruziýadan we Gyrgyzystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri dürli ölçegdäki tüýjümek polotensalary, arassalanan pagta ýagyny, içki geýimleri, nah ýüplükleri, biz, garaköli, saryja dowarlaryň we geçileriň ýuwulan ýüňüni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 15 million 417 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 28 müň 500 manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.