Aşgabatda ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmegiň geljegine bagyşlanylan halkara maslahaty işläp başlady
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşginde “Türkmengurluşyk-2012” halkara sergisiniň dabaraly açylyşy boldy, serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat işläp başlady, oňa dünýäniň esasy gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri, dürli ýurtlardan gelen alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Serginiň ekspoziýasy häzirki zaman Türkmenistanda gurluşyk senagatynda, şol sanda şäher gurluşygy, binagärlik we şäher hem-de ulag düzümlerini guramak babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini we geljegini görkezer.
Halkara maslahaty gurluşyk pudagyny ösdürmäge ileri tutup ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär. Wekilçilikli maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi, Türkmenistanyň Senagat ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan şäher gurluşyk maksatnamasy ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolan ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň düzümine pudagyň kuwwatyny artdyran we iri möçberli şäher gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde onuň mümkinçiliklerini ep-esli giňelden täze kärhanalar goşuldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşygyň şeýle gerimi biziň ýurdumyzyň taryhynda heniz bolmandy. Häzir biziň gözümiziň alnynda ýurdumyzyň keşbi özgerýär.Täze ägirt uly gurluşyk desgasy işe girizilen badyna ol şäherlerimiziň ajaýyp künjegine öwrülýär. Gurluşyk senagatynyň ösüş depginleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary göterilýändigini aýdyň görkezýär, özgerýän türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbi muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň kuwwatyny hem-de gazanan üstünliklerini görkezýän däbe öwrülen sergi häzirki wagtda bu ulgamda uly waka öwrüldi. Gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, ýöriteleşdirilen tehnikany öndürýän dürli yklymlardan gurluşyk senagatynyň öňdebaryjylary bolan türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy Sergi köşgünde öz pawilonlaryny ýerleşdirdiler. Olaryň hatarynda Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Gresiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler bar, olar gurluşyk senagatynyň köp ugurlary boýunça öz işläp taýýarlamalaryny we täzeliklerini hödürlediler. Munuň özi ilkinji nobatda binalary we ýollary gurmak üçin tehnikadan, gurnamak hem-de sütün dikmek işleri üçin enjamlardan, timarlaýyş işleri üçin esbaplardan, gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin enjamlardan we beýleki ençeme zatlardan ybaratdyr. Dünýäniň esasy kompaniýalarynyň Aşgabatdaky halkara sergisine özboluşly we iň täze tehnologiýalaryň taslamalaryny hödürlemäge çalyşmagy netijesinde geljegi uly türkmen bazarynda bäsleşik barha artýar.
Sergi merkeziniň giň zallarynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Aýdym-saz ýaňlanýar, ýaşlar halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasdaky gyzlar tomaşaçylara däp bolan türkmen tagamlaryny hödürleýärler.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, milli parlamentiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürleri, alymlar, bilermenler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara hem-de onuň guramaçylaryna Gutlagy ägirt uly üns bilen diňlenildi, onda döwlet Baştutany häzirki serginiň we maslahatyň türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň arasynda işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, alymlaryň we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet ösüşiniň strategiýasyna we halkara hyzmatdaşlygyna täzeçe çemeleşmeler, synalyp görlen ykdysady ugur hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýöredilýän özgertmeleriň okgunlylygy—tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi biziň ýurdumyzyň halkara derejesinde meşhurlygynyň okgunly ösmegini şertlendirdi. Gurluşyk senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar, ýurdumyzda milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy. Medeni durmuş maksatly iri desgalar ýokary depginler bilen gurulýar. Olar edara ediş binalaryndan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman mekdeplerinden we çagalar baglaryndan, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynyň desgalaryndan, sport toplumlaryndan ybaratdyr.
Uly möçberli sergi ekspoziýasy gurluşyk materiallaryny, innowasiýalary we tehnologiýalary, ýol gurluşygyny, taslama düzmegi hödürleýän bölümleri özünde jemleýär. Sergi toplumynyň açyk meýdançalarynda köp sanly dürli-dürli gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnika—buldozerler, ekskawatorlar, ýörite ulaglar, ykjam owradyjy enjamlar goýuldy. Pudakda has uly möçberli we özbolşuly taslamalary durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň bäsleşige ukyplydygyny hem-de öndürilýän gurluşyk materiallarynyň ýokary hilini gazanmaga mümkinçilik berýän innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga çalşylýandygy guwançylydyr.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň depginli ösüşini, onuň gazanýan üstünliklerini belli bir ugurly pudaklaýyn edaralaryň, seýle hem timarlaýyş daşlary, sementi, kerpiji, panel bloklaryny, magdan däl gurluşyk materiallaryny ýa-da täze gurluşyklar üçin zerur bolan turba önümlerini, armaturalary we şwellerleri öndürýän pudagyň iri kärhanalarynyň diwarlyklary has doly görkezýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň düzümine täze kärhanalar goşuldy. Mysal üçin, Owadandepede ýerleşýän “Türkmenmermer” paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we graniti işlemek boýunça zawody tebigy daşdan Türkmenistanda bina edilýän köp sanly desgalar üçin zerur bolan timarlaýjy materiallary öndürýär. Kärhananyň kompýuterleşdirilmegi netijesinde bu ýerde nagyşlamak bilen dürli ölçeglerdäki mermer plitalary öndürilýär. Toplumyň kuwwaty bir ýylda taýýar önümiň 200 müň inedördül metrinden gowraga barabardyr.
Owadandepede taslama kuwwaty 150 müň tonnadan gowrak metal prokatyny, şol sanda dürli ölçegdäki armaturalary we belli bir ugurly prokaty öndürmäge barabar bolan metallugiýa zawody işleýär. Özümiziň metal prokatymyzyň öndürilmegi gurluşyk önümleriniň importyny ep-esli kemeltmäge mümkinçilik berdi, geljekde bolsa biziň ýurdumyzyň ähli gurluşyk desgalaryny degişli materiallar bilen doly üpjün edip biler.
Ýurdumyzyň gurluşyk firmalary hem hil taýdan täze derejä çykýarlar, olar kaşaň edara jaýlarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň taslamasy düzülen we olar gurlan mahaly gurluşyk senagatynyň dünýä derejesinde gazananlaryny okgunly özleşdirýärler hem-de ulanýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan özgertmeler, telekeçiligi hem-de bazaryň artýan talaplaryny goldamaga gönükdirilen syýasat pudagyň ösüşini üpjün edýär.
Häzirki wagtda türkmen kompaniýalary daşary ýurt firmalary bilen deň derejede bäsleşik edýärler we muny üstünlikli amala aşyrýarlar. Döwlet Baştutanynyň hususy kompaniýalara paýtagtymyzda hem, oba ýerlerinde hem ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berýän birnäçe Kararlary gurluşyk ulgamynda ýurdumyzyň telekeçileriniň işini işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Özi-de häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňüleri giňden ornaşdyrylýar, binalar ugurdaş ähli inžener-tehniki ulgamlar bilen toplumda gurulýar, degişli düzümler ösdürilýär.
Ak mermere örtülen paýtagtymyz barada aýtmanyňda hem welaýat merkezleriniň keşbi gözüň alnynda özgerýär, şol ýerlerde soňky aýlarda ajaýyp täze gurluşyk desgalary—durmuş ulgamynyň desgalary, edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurulýar. Deňiz kenarynda bolsa dünýä derejesindäki şypahana dürdänesi bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň giňeldilmegi hem-de gurulmagy dowam edýär.
Häzirki döwür üçin taslamalaryň uly möçberlidigi häsiýetlidir, ajaýyp belent jaýlar, täze şäher etrapçalary we hatda obalar gurulýar, uzynlygy müňlerçe kilometr bolan awtomobil we polot ýollar çekilýär, halkara ähmiýetli ulag düzümleri döredilýär.
Sergi pawilonlarynda täze önümleri we gurluşyk tehnologiýalaryny, gurluşyk materiallaryny, sorujylary we suw arassalaýjy enjamlary, panel we diwarlyk bloklary, alýuminiden we plastikadan ýasalan önümleri, santehniki hem-de timarlaýjy serişdeleri öndürmek boýunça awtomatiki ulgamlary we kiçi zawodlary görkezýän wideorolikler agdyklyk edýär.
Maslahatyň ekspozision maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kompaniýalar gurluşyk desgalarynyň maketlerini, şäherleşmegiň möhüm meselelerini çözmek, şäher gurşawynda ýaşamagyň göwnejaý şertlerini üpjün etmek hem-de şäher hojalygyny, şol sanda gurluşyk, suw üpjünçiligi we yşyklandyrmak, ýollary gurmak, işjeň dynç alyş ulgamy we başgalar ýaly ugurlary dolandyrmak bilen baglanyşykly innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary hödürlediler.
Dünýä meýillerine laýyklykda şäher hojalygynda ulanarlykly ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýa tygşytlaýan tehnologiýalara, seýilgäh zolaklary üçin, şäher durmuşynyň amatly gurşawyny saklamaga kömek edýän hem-de tebigaty goramaga, uly möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge öz goşandyny goşýan “intellektual” düzümiň we “akylly” enjamlaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar diňe bir özleriniň özboluşly tehnologiýalaryny teklip etmäge däl, eýsem, türkmen bazarynyň geljegi uludygyna we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bu ýerde döredilen şertlere esaslanyp, kärhanalara maýa goýumlaryny goýmaga taýýardyrlar.
Serginiň aýratyn bölegi ýol gurluşygyna bagyşlanýar. Bu gün ýurdumyzda häzirki zaman ulag düzümlerini döretmek boýunça uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Awtomobol ýollarynyň müňlerçe kilometriniň we şonuň bilen birlikde köprüleriň, estakadalaryň, çatryklaryň gurulmagy aýratyn inžener-tehniki çözgütleri we iň täze tehnologiýalary talap edýär. Şonuň üçin hem sergide ýurduň möhüm ýollarynda häzirki zaman köpri geçelgelerini we köp derejede çatryklary gurýan kompaniýalaryň diwarlyklary, Türkmenistana bu ulgamda öz nou-haularyny hödürlemäge taýýar bolan esasy daşary ýurt firmalarynyň ekspozisiýalary uly gyzyklanma döretdi.
Täze binagärlik taslamalary myhmanlaryň we sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu ýerde dolandyryş we edara toplumlarynyň, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň maketleri goýuldy, olar ýakyn geljekde gurlar. Uly möçberli gözden geçiriliş köp sanly hünärmenleriň, bilermenleriň we haryt öwrenijileriň ünsüni çekdi. Sergi diňe bir hünärmenler üçin gyzykly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly şäherliler we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ýatda galýan waka boldy. Olar üçin şular ýaly wekilçilikli ykdysady gözden geçiriliş ýurdumyzyň geljegine göz aýlamaga, iň täze tehnologiýalar netijesinde ýakyn geljekde türkmen şäherleriniň köçeleriniň nähili keşpde boljakdygyny göz öňüne getirmäge ajaýyp mümkinçilik döretdi.
“Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly şygar bilen geçirilen maslahat serginiň şanly wakasy boldy, ol günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda öz işine başlady. Bu ýerde dürli ýurtlardan gelen esasy hünärmenler Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmek, gurluşyk senagatyny döwrebaplaşdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalara oňyn baha bermek bilen şol tehnologiýalara aýratyn gyzyklanylyp çemeleşilýändigini belläp geçmek gerek.
Häzirki wagtda türkmen paýtagtyny, şeýle hem şäherleri we obalary ösdürmegiň geljegi uly meýilnamalary Aşgabady we welaýatlary gurmak hem-de abadanlaşdyrmak boýunça uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge goşulmak isleýän iri maýadarlaryň we potratçylaryň, önüm öndürijileriň we işewür toparlaryň çynlakaý ünsüni çekýär. Serginiň işlejek üç gününde ýurdumyzyň baş şäheri gurluşyk senagatyny, şol sanda şäher gurluşygyny, ulag ulgamyny we başgalary ösdürmegiň meseleriniň giňden ara alyp maslahatlaşylýan ýeri bolar.
Ertir sergi öz işini dowam eder.