Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 722
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen L-0,2 -62 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna ýuwlan garaköli ýüňi, maşyn gurluşygy üçin ätiýaçlyk şaýlar, nah ýüplükler we ýüpluk galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi.Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Polşa, Singapur. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 941 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli möçberdäki tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek polotensalary, Hytaýdan gelen işewürler bolsa pagta ýagyny we pagta sarunyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 362 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri bahasy 57 müň manat bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.