Ï Daşary ýurtly tälimçiler öz toparlaryny taýýarlamak üçin Türkmenistany saýlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly tälimçiler öz toparlaryny taýýarlamak üçin Türkmenistany saýlaýarlar

view-icon 809
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan Türkmenistanyň häzirki zaman sport toplumlary ýygy-ýygydan daşary ýurtly hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýär. Türkmen howasynyň aýratyn oňaýly bolmagy bilen bir hatarda ýokary derejeli sport desgalarynyň gurulmagy netijesinde biziň sport toplumlarymyz diňe ýokary derejedäki ýaryşlary guramak üçin däl-de, eýsem, olarda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny netijeli geçirmek üçin örän oňaýlydygyr. Şarja şäherinden (Birleşen Arap Emirlikleri) “Al Şaab” futbol toparynyň baş tälimçisi hem hut şeýle pikirdedir. Bu toparyň ýetginjekler we ýaşlar düzümleri häzirki wagtda paýtagtymyzyň “Aşgabat” sport toplumynda türgenleşik geçýärler.


Futboluň türkmen mekdebini ösdürmegiň taryhynda bu ilkinji ýagdaý bolsa-da, ol eýýäm Türkmenistanda gurulýan sport toplumlarynyň ýokary hillidiginiň subutnamasyna öwrüldi. Arap toparynyň bu okuw-türgenleşikleri beýleki daşary ýurt toparlary bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Olar toparlara diňe bir öz sport görkezijilerini gowulandyrmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, biziň ýurdumyzda sport hereketini işjeňleşdirmäge goşmaça itergi bolmaga kömek eder.

“Al Şaabyň” ýaş futbolçulary hem öz täze halypasy, şu ýylyň iýun aýynda arap toparyna ýolbaşçylyk edip başlan Türkiýäniň at gazanan tälimçisi Jemşir Myratoglunyň ýolbaşçylygynda bu türgenleşikleriň uly netije berjekdigine ynanýarlar. Geljek aýyň ahyrynda badalga alýan BAE-niň futbol ýaryşlaryna ýetginjekler we ýaşlar düzümlerini taýýarlamak onuň üçin esasy wezipe bolup durýar. Ine, şoňa görä-de, jogapkärli ýaryşlara taýýarlygyň ýokary derejede geçirilmegi üçin arap toparynyň tälimçisine halkara ülňülerine gabat gelýän sport toplumyny tapmak zerurlygy ýüze çykdy. Netijede ol türkmen stadionlaryny saýlap aldy.


Türkiýeden futbol tälimçisi özleriniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. J.Myratoglu türkmen myhmansöýerligine we paýtagtymyzyň gözelligine haýran galandygyny aýdýar. Ol Aşgabada ýakynda gelmegine garamazdan, bu gözelligi synlamaga ýetişipdir. Arap toparynyň tälimçisi biziň ak mermerli paýtagtymyzyň binagärligi bilen ýakyndan tanyşmak, dünýä ýaň salan Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerine, şol sanda Nusaýa baryp görmek isleýändigini aýtdy.

Okuw-türgenleşikleri diňe bir myhmanlar üçin bähbitli däldir. Sebäbi olar ozaly bilen sport tejribesini ikitaraplaýyn alyşmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly sport ussatlaryny ýurdumyza yzygiderli çagyrmak arkaly türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, müňa aýratyn üns berýär. Çünki bu ýerde ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, türgenleşikler üçin ähli şertler döredildi. Bularyň üstesine biziň sport desgalarymyz öz-özüni ödäp başlaýar, bu bolsa täze, häzirki zaman sport toplumlaryny gurmaga mümkinçilik berýär.


Öňde eýýäm belleýşimiz ýaly, Türkmenistana esasy daşary ýurt hünärmenlerini diňe bir sport desgalarynyň hili çekmeýär. Ýylyň dowamynda açyk asmanyň astynda sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän ajaýyp howa şertleri bu babatda ýene bir möhüm şert bolup durýar. Şunda welosport boýunça Russiýanyň “Katýuşa” topary mysal bolup biler. Bu toparyň esasy türgenleri her ýylyň gyş paslynda öz ussatlygyny Türkmenistanyň dag etegindäki köp kilometrlik awtoulag ýollarynda taplaýarlar. “Katýuşanyň” tigir sürüjileri köp babatda bu türgenleşikleri netijesinde halkara derejeli iri ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeleýärler.

“Aşgabat” stadionynyň futbol meýdançasynyň hiline ýokary baha bermek bilen, Jemşir Myratoglu “Naýbaşy!” diýmekden başga söz hem tapmady we okuw-türgenleşikleri üçin ýer saýlap almakda ýalňyşmandygyny gaýta-gaýta nygtady. Futbol tälimçisiniň aýdan sözlerine birjik-de şübhelenmese bolar, sebäbi ol tälimçi bolup işläp gelýän döwrüniň içinde “Beşiktaş”, “Fenerbahçe” ýaly esasy türk toparlary bilen işläp, ençeme futbol stadionlaryny görüpdi.


Oňa şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndy toparyny türgenleşdirmek miýesser edipdir. Bu topar J.Myratoglunyň ýolbaşçylygynda 1996-njy ýylda Aziýa çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.Ynha, indi bolsa türk tälimçisine “Al Şaab” futbol toparynyň ulular we ýaşlar düzümlerini ynandylar. Olar geçen möwsümde ýaramaz çykyş edipdir. Emma toparyň ýolbaşçylary täze tälimçiniň gelmegi bilen toparyň geljek futbol möwsüminde öz sport abraýyny artdyrjakdygyna ynanýarlar.

“Al Şaab” futbol toparynyň okuw-türgenleşikleri Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylary bilen gündelik türgenleşik bäsleşiklerini öz içine alýar. Ýeri gelende aýtsak, biziň ýurdumyzyň ikinji ýygyndy topary üçin Şarjadan gelen topar bilen boljak bäsleşikler 20-30-njy sentýabr aralygynda biziň paýtagtymyzda geçiriljek futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda nobatdaky halkara ýaryşyna oňat taýýarlyk bolup hyzmat eder.


Okuw-türgenleşikleriniň barşynda ilkinji türgenleşik ýaryşy geçen şenbe güni geçirildi. 17 ýaşa çenli bolan türkmen we arap futbolçulary öz aralarynda bäsleşdiler. Myhmanlar duşuşyga okgunly hüjümlerden başlasalar-da, tiz wagtdan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadowyň şägirtleri öz erjelliklerini görkezip, uly hasap bilen ýeňiş gazandylar.

Dynç güni geçirilen futbol ýaryşynda 19 ýaşa çenli bolan türgenler duşuşdylar – çekeleşikli geçen oýun deňme-deň hasap bilen tamamlandy.


Türgenleşik bäslekileri 1-nji sentýabra çenli dowam eder. Şol gün “Al Şaab” toparynyň we Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. 2-nji sentýabrda bolsa edil şonuň ýaly resmi duşuşykda toparlaryň ýaşlar düzümleri öz aralarynda bäsleşerler.