Daşoguz welaýatynyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaýy ekmek işleri barha giň gerime eýe bolýar. Şu ýyl bu ýerde bugdaý ekiljek meýdan bir ýüz segsen müň gektar meýdany eýelär. Güýzluk bugdaýy wagtynda agrotehnikanyň ähli talaplaryna laýyk ekip gutarmak gallaçylaryň öňünde duran esasy weüipe bolup durýar. Ekişi guramaçylykly geçirmek üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri, ekişden öňki suw tutmak işleri we beýleki möwsümleýin meýdan işleri öz wagtynda geçirildi.
Welaýatda ekiş möwsüminde dürli kysymly iki müň dört ýüz traktor, üç ýüz kyrk sekiz ekgiç we beýleki tehnikalar ulanylýar. Bu ýerde her günde bir ýarym müň gektar meýdana bugdaý ekilýär. Ýerli toprak-howa şertlerine durnukly ýere gowy uýgunlaşan bugdaýyň „Sähraýy“, „Juwan“, „Batko“, „Ýubileýnaýa-100“ ýaly görnüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurduň demirgazyk sebitiniň gallaçylary geljekki hasylyň binýadyny berk tutýarlar. Olar 2013-nji ýylda ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmagy maksat edinýärler.