Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmengurluşyk-2012” halkara sergisi öz işini tamamlady, şol serginiň çäklerinde Türkmenistanyň gurluşyk ministrligi, ýurdumyzyň Senagat ministrligi, “Türkmenawtoýollary “ döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahat geçirildi. Wekilçilikli gözden geçirilişe daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň 150-den gowrak kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu her ýyllyk maslahatyň möçberi we meşhurlygy işewür toparlaryň wekilleriniň gyzyklanma bildirmekleri bilen bilelikde ýylsaýyn artýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň iri önüm öndürijileri bilen bilelikde, gurluşyk pudagyny ösdürmkde uly mümkinçilikleri we maýa goýum işjeňligi üçin oňat şertleri görýän esasy daşary ýurt kompaniýalary hem bar. Biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergileriniň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň hem-de hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň ýene-de bir möhüm guralydygyny belläp geçmek zerurdyr.
Üç günüň içinde aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi sergi toplumynda bolup pudakdaky ägirt uly özgertmeler hakynda doly maglumat aldylar, pudakda has uly möçberli we özboluşly taslamalary durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň bäsleşige ukyplydygyny we öndürilýän gurluşyk materiallarynyň ýokary hilini gazanmaga mümkinçilik berýän innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga çalşylýar.
Bazaryň talaplarynyň yzygiderli ösýän derejesine göwnejaý ýagdaýa laýyk gelýändigi “Türkmengurluşyk-2012” sergisiniň üstünliginiň möhüm şerti boldy, şonda pudagara gatnaşyklar barha uly möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hünärmenleriň işewür birleşmegiň örän möhümdigi häzirki wagtda ylmy progresiň okgunly ösüşi bilen şertlenendir. Geçirilen sergi Türkmenistanda eýýäm ýakyn wagtlarda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, örän özüne çekiji we ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Sergi merkeziniň zallarynda we meýdançalarynda iri ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, kärhanalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň we Aşgabatda işleýän hem-de Türkmenistanyň şäherlerini we obalaryny has-da gözelleşdirjek we abadanlaşdyrjak şäher gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýän daşary ýurt kompaniýalarynyň köp dürli eksponatlary ýerleşdirildi.
Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly özgerýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň nusgasynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň üstünliginiň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan oňe sürlen gurluşyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň netijeliligi hem-de möhümligi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni we durmuş ulgamynyň desgalarynyň, düzümleriň hem-de täze önümçilikleriň gurluşygyny giňelmegi şertlendirdi.
Önüm öndürijileriň köpüsi energiýany tygşytlaýan, awtomatlaşdyrylan we kompýuter ulgamlarynyň hasabyna şäher inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary ulanmaga çalyşýarlar. Biziň günlerimizde ykjam enjamlaryň we desgalaryň, dürli ölçegleri belli bir aralykdan bermek bilen ykjam gurallaryň maksatnamasynyň möhümligi hem artýar.
Serginiň işlän günlerinde tanyşdyrylyş, haryt öwreniş çärelerini, duşuşyklary we geňeşmeleri özünde jemlän işewür maksatnama hünärmenleriň ägirt uly gyzyklanmasyny döretdi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri serginiň işine gatnaşmagyň täze gatnaşyklary ýola goýmaga we bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berendigini belläp, Aşgabatda ýöriteleşdirilen we köp pudakly sergileriň hemişelik gatnaşyjylary bolmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Häzirki gözden geçirilişiň kompaniýalara gurluşyk bazaryny ösdürmegiň isleglerini duýmaga we geljek üçin meýilnamalary bellemäge mümkinçilik berendigi nygtalyp geçildi.
Sergä hünärmenleriň uly üns bermegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmenistanda bu pudak ýokary depginler bilen ösýär, Aşgabat bolsa sebitiň binagärlik dürdänesiniň şöhratyna mynasyp boldy, şäherlerde we oba ýerlerinde uly möçberli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
Ykdysadyýetiň bu ulgamyny ösdürmegiň meseleleri ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň hemişe üns merkezindedir. Munuň özi gurluşyk pudagyna goýulýan ägirt uly düýpli maýa goýumlarydyr, materiallary, ýörite tehnikany we enjamlary öndürýän esasy gurluşyk kompaniýalaryny ýurdumyza çekmäge ýardam edýän amatly maýa goýum ýagdaýydyr. Bu pudakda hususy işewürlige uly üns berilýär, Türkmenistanda gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin ägirt uly serişdeler jemlenendir. Şonuň üçin hem türkmen paýtagtynda geçirilen ýöriteleşdirilen gurluşyk sergisi diňe bir biziň ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda däl, eýsem, muňa dahylly daşary ýurt kompaniýalary üçin uly waka boldy.
Geçirilen maslahat işewürlik maksatnamasynyň esasy wakasy boldy, şonda Türkmenistanda gurluşyk senagatyny uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategiýasy, durmuşa geçirmek tapgyrynda bolan iri maýa goýum taslamalarynyň meseleleri we daşary ýurtly maýadarlar üçin mümkinçilikleri açýan täze pikir-oýlar ýaly möhüm meselelere hem garaldy.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen paýtagtynyň, şeýle hem oba ýerleriniň ösüş mümkinçilikleri örän haýran galdyrýar, muňa ep-esli maýa goýumlary, şol sanda dolandyryşyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny, täze energiýany tygşytlaýan tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga, senagat we raýat gurluşygy üçin energiýa babatda netijeli enjamlary we materiallary öndürmäge goýulýan maýa goýumlary şaýatlyk edýär.
Daşary ýurt firmalary öz sergi ekspozisiýalarynyň çäklerinde öz işleri bilen has doly tanyşdyrdylar, olar türkmen hyzmatdaşlaryna gurluşyk ulgamynda netijeli hem-de innowasion işläp taýýarlamalary teklip etdiler. Mahlasy, “Türkmengurluşyk-2012” sergisi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge önjeýli goşant boldy. Geçirilen netijeli gepleşikler ýakyn geljekde täze şertnamalar üçin esas bolar we gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat eder, şol gepleşiklerde iň soňky taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün, halkara gözden geçirilişiniň jemleýji gününde maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine degişli güwänamalar we diplomlar gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda sergini we maslahaty guraýjylaryň we olara gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi, onda bu çäreleri üstünlikli geçirmäge ýardam edendigi üçin hoşallyk, netijeli hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde üstünlik gazanmaga ynam beýan edildi.