Ï Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar

view-icon 774
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan iş tertibine laýyklykda Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy başlandy.

Demirgazyk welaýatyň gowaça ekilen ýerleri 140 müň gektary tutýar, şondan pagtçylar 234 müň tonna “ak altyny” ýygnamagy maksat edinýärler. Welaýatyň ekerançylary welaýatyň toprak-howa şertlerinde özüniň oňat tarapyny görkezen gowaçanyň “149F”, “S-4727”, “Daşoguz-120” we “Serdar” ýaly orta süýümli sortlaryny ekýärler.

Pagta ýygymy möwsümini sazlaşykly bökdençsiz iş depginini üpjün edip, oňat hilli we göwnejaý möhletlerde geçirmek barada döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezitpeleri ýerine ýetirmek üçin welaýatda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamakda ýokary öndürijilikli “Jon Dir” we “Keýs” kombaýnlary, pagtany daşamakda bolsa ýük awtomaşynlarynyň we tirkegli traktorlaryň köp sanlysy ulanylýar. Kabul ediş nokatlary we pagta arassalaýjy zawodlar gije-gündizläp işlemek üçin doly taýýar edildi. Olaryň ýanynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalar bar, şolarda “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

“Daýhanbankyň” ýerli bölümlerinde pagta öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklar bökdençsiz amala aşyrylar.

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy möwsümine däp boýunça “ak kerweni” guramak bilen badalga berildi. Ol şu gün Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň “Nowruz” pagta arassalaýjy zawodyna iberildi. Bu çärä welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, ýaşulular, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler we käprendeçi-pagtaçylar gatnaşdylar.

Ýaşulular pagta ýygym möwsüminiň başlanmagyna “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen ak pata berip, Watanymyza, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk dileg edip, aýat-töwir okadylar.

Soňra Döwlet baýdaklary, halylar we şygarlar bilen bezelen, “ak altyn” ýüklenen awtomobiller hem-de tirkegli traktorlar pagta arassalaýjy zawoda tarap ugradylar.

Dabaranyň çäklerinde welaýatyň oba hojalyk toplumynyň öndüren önümleriniň we oba hojalyk tehnikasynyň sergisi guraldy. Welaýatyň döredijilik toparlary ajaýyp konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Sporuň milli görnüşleri boýunça däbe görä geçirilýän ýaryşlar baýramçylyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna—pagtanyň oňat hasylynyň ösdürip ýetişdiren iň gowy ekerançylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Ak kerweniň” guralmagy mynasybetli, Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.