Ï Tomus günlerinden taýýarlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tomus günlerinden taýýarlyk

view-icon 785
Ahal welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişi bat alýar. Welaýat boýunça bugdaý ekiş meýdany 225 müň gektara barabar bolar. Bugdaý ekişine niýetlenen ýerlerde ýerler bölünip, meýdanlar 30-35 m çuňlukda sürüldi we topraga zerur möçberde dökünler berildi. Welaýatyň “Obahyzmat” bölümi güýzlük bugdaý ekişini talabalaýyk we wagtynda geçirmeklik üçin ekiji enjamy ýpjün bolan 470 sany kuwwatly traktorlary taýýarlady.

Hemme tapgyrlarda ähli serişdelere we edilmeli işlere jogap berjek bölümleriň işlerini talabalaýyk gurnamak üçin taýýarlanyş işleri geçirilen. Jogapkärçilikli möwsümiň dowamynda tehnikany başarnykly peýdalanmaklygyň we ulanmaklygyň yzygiderli wagty düzülen. Iň amatly agrotehniki wagtyň dowamynda möhüm möwsümi geçirmekligi we ençeme beýleki guramaçylyk işleri amala aşyrmaklygy gallaçylaryň “Obahyzmatyň” we “Gallaönümleriň” hünärmenleriniň we beýleki bu işe çekilen gulluklaryň teklipleri esasynda grafikde jikme-jik kesgitlenen. Göçme operatiw ussahanalar döredildi.

Ekin meýdanlaryna şu wagta çenli türkmen gallaçylaryň ygtyýaryndaky bugdaýyň iň oňat “Sahraýy” , “Ýolöten-1” , “Şanly-100” görnüşleri ekilýär. Olaryň arasynda has soňrak ekiljek “Türkmenbaşy-1” , “Bitarap” , “Batko” görnüşleri hem bar. Welaýatyň gallaçylary öňünde duran wajyp ekiş möwsüminiň durandygyna we 2013-nji ýylda döwlet harmanyna 450 müň tonna ahal bugdaýyny tabşyrmalydygyny düşünýärler we halal zähmeti bilen borçnamalaryny ýetirjekdiklerine ynanýarlar.