Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 699
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, L-0,2-62 belgili dizel ýangyjyny, Germaniýadan gelen telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 belgili mazudy satyn aldylar. Mundan başga-da, nah ýüplükler, pagta süýümi, garaköl dowarlaryň ýuwulan ýüňi we pagta linti satyldy. Olary Hytaýdan, Russiýadan, Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Lihtenşteýnden we Wirgin adalaryndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 166 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Ukrainadan, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler tekiz reňklenen we dürli ölçegdäki tüýjümek polotensalary, arassalanylan pagta ýagyny, nah matalary we nah ýüplügi, maşyn gurluşygy üçin niýetlenen ätiýaçlyk şaýlary, agardylan pagta ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 11 million 225 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, dürli gurluşyk materiallaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 175 müň manatdan gowrak boldy.