Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde Balkan welaýat düýpli gurluşyk Müdirliginiň buýurmasy esasynda “Türkmenbaşytaslama” Döwlet taslama instituty tarapyndan Türkmenbaşy şäheriniň awtoulag ýollarynyň bäşisiniň durkuny düýpli täzelemek boýunça taslama işleri taýýarlanyldy.
„Balkanýolgurluşyk“ önümçilik birleşiginiň ýol-gurluşyk we Türkiýäniň „TEK-IMAS“ kompaniýasynyň kömekçi-potratçy bölümleri eýýäm şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge girişdiler. Birinji tehniki derejeli iki zolakly üç hatarly hereketli iki taraplaýyn ýoly çekmek işleri Bahry Hazar kenarynda, Azatlyk, Azady, Gahryman Atamyrat Nyýazow köçelerinde we Magtymguly şaýolunda güýçli depginlerde alnyp barylýar.
Şäherde awtoulag gatnawyny ýeňilleşdirmek we ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, ýük daşaýan ulaglar üçin aýlanyp geçilýän ýoluň hem taslamasy taýýarlanyldy. Uzynlygy 14,4 kilometr bolan bu häzirki zaman iki zolakly ulag ýoly Türkmenbaşynyň halkara howa menziliniň sebtinde Garaşsyzlyk şäherçesinden başlap, Gubadag jülgesinde serpantin ýoly bilen kesişýän ýerine çenli gurular.