Şu gün Sport baradaky döwlet komitetinde milli Liderimiziň düýn geçiren iş maslahatynda sport ulgamynyň öňünde goýan wezipeleri çözmäge bagyşlanan maslahat geçirildi.
Esasy tälimçileriň, türgenleriň, Milli olimpiýa komitetiniň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň hünärmenleriniň, sport federasiýalarynyň we olimpiýadaçylarytaýýarlaýan mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna, şeýle hem beýleki iri halkara ýaryşlaryna oňat taýýarlyk görmäge hem-de üstünlikli geçirmäge degişli beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň maksatnamasy kesgitlenildi.
Çykyşlaryň barşynda zehinli türgenleri ýüze çykarmak we terbiýelemek, geljekde olaryň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini we baýrakly orunlara eýe bolmagyny üpjün etmek üçin zerur işleriň geçirilýändigi bellenildi. Maslahatyň barşynda hünärmenler ýaşlary sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga çekmek, Olimpiýa we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, täze sport desgalaryny netijeli ulanmak babatda tejribe alyşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ýokary netijeler sportuny we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek barada edýän uly aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň sportuny täze derejä çykarmak baradaky tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek, halkara sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Maslahat tamamlanandan soň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary Olimpiýa şäherçesine baryp gördüler, şol ýerde onuň gurluşygynyň barşy, taslanylýan hem-de gurulýan sport desgalary -- üsti ýapyk köp ugurly zallar, myhmanhana bilen tanyşdylar. Şol myhmanhanada yklym derejesindäki iri ýaryşlary beýan etjek habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýaşarlar.
Şol günüň özünde paýtagtymyzda we welaýatlarda sport ýaryşlary hem-de geljegi uly türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Bu türgenleriň köpüsi Aziada – 2017-de biziň ýurdumyzyň sport abraýyny gorar.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu sport toplumy Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli sport desgalaryny gurmak ulgamynda ýöriteleşdirilen halkara konsalting toparynyň wekilleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda abraýly bilermenler sport toplumynyň taslamasyna ýokary berdiler. Bu toplum şeýle derejedäki oýunlary geçirmek üçin dünýäniň we Halkara olimpiýa komitetiniň ýokary ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Şeýlelikde, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmäge kuwwatly itergi berer. Milli Liderimiziň çözgüdi boýunça olar döwlet syýasatynyň derejesine çykaryldy.
Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesiniň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-sy, şol sanda Paralimpiýa toplumy we sagldygy dikeldiş lukmançylyk merkezi girer. Munuň özi döwletimiziň ilatyň arasynda, şol sanda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin sporty ösdürmek meselelerine uly üns berýändigine şaýatlyk edýär.
Ýakynda Londonda geçirilen XIV tomusky paralimpiýa oýunlary muňa aýdyň mysal bolup biler. Oňa dünýäniň 164 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan türgenler gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, paralimpiadanyň günleri biziň wekiliýetimiziň agzalary Halkara paralimpiýa komitetiniň prezidenti jenap Filip Kreýwene Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherçesi hakynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen neşiri we wideofilmi gowşurdylar. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orta Aziýada iri sport toplumyny, şol sanda mümkinçiligi çäkli bolan adamlara bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin häzirki zaman merkezini gurmak hakynda başlangyjyna ýokary baha berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzeden galkynýan türkmen sportunyň taryhynda täze sahypanyň açylandygyny hiç kim ret edip bilmez. Habarlar agentlikleriniň berýän soňky habarlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýaňy-ýakynda Stambulda tamamlanan 40-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda türkmen türgenleri dünýä reýtinginde täze derejä çykdylar. Bu olimpiadanyň medallary ugrunda erkekleriň 156 we zenanlaryň 125 topary güýç synanyşdy. Türkmenistanyň ýygyndy erkekler topary, hususan-da, Mawrikiýä döwletiniň toparyny, Bangladeşiň, Irlandiýanyň toparlaryny, Awtriýanyň, Müsüriň we Çiliniň toparlaryny ýeňdi hem-de Tunisden we Belgiýadan bolan bäsdeşleri bilen deňme-deň oýnap, öňki Olimpiada bilen deňeşdireniňde öz netijesini 45 orna çenli gowulandyrdy. Toparlaryň 125-siniň, şol sanda düzümine halkara groýsmeýsterleri giren Hindistanyň, Çehiýäniň, Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gresiýanyň, Islandiýanyň ýygyndy toparlarynyň biziň küştçülerimizden yza galandygy bellärliklidir.
Öz taryhynda iň ýaş Türkmenistanyň ýygyndy zenanlar topary bolsa Palestinanyň we Finlýandiýanyň wekillerini, Botswananyň, Panamanyň we Portugaliýanyň toparlaryny ýeňdi hem-de Lýuksemburgdan we Bangladeşden bäsdeşleri bilen deňme-deň oýnap, ýaryşyň jemleýji sanawynda 76 topardan, şol sanda Awstraliýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Islandiýanyň, Argentinanyň, Gwatemalanyň, Günorta Afrikanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlaryndan öňe geçmegi başardylar.
Stambulda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ugurdaş geçen Bütindünýä küşt olimpiadasynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek altyn medaly milli ussat Saparmyrat Atabaýew gazanmagy başardy. Paýtagtymyzyň sport komitetiniň küşt boýunça sport mekdebiniň okuwçysy bu ajaýyp üstünlige üçünji tagtada 39 küştçüniň arasynda iň gowy netijäni gazanyp mynasyp boldy.
Şu güýz günlerinde biziň tanymal weteran ylgaýjymyz Myrat Garlyýew hem bizi diýseň begendirdi. Ol özüniň 75 ýaşandygyna garamazdan, dünýäniň 48 ýurdundan 4 müňden gowrak türgenleri ýygnan, Moskwada geçirilen 32-nji halkara ýaryşynda altyn medaly we birinji derejeli diplomy gazandy. Paýtagtymyzyň ylgaw muşdaklarynyň “Ellada” klubynyň ýolbaşçysy bu üstünligi 75-den 79 ýaşa çenli toparda gazanmagy başardy. Ýaryşlar biziň türgenimiz üçin adaty bolmadyk sowuk howada geçirildi. Emma bu oňa 42 kilometr 195 metr aralygy üstünlikli geçmäge päsgel bermedi. Ol bu aralygy Türkmenistanyň baýdagyny belende galdyryp, köp sanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagynda 3 sagat 27 minut 37 sekuntda geçmegi başardy. Ýeri gelende aýtsak, biziň watandaşymyzyň bu görkezijisi şu ýaş toparynda geçen ýylky ýeňijiniň görkezijisinden 27 minutdan gowrak oňatdyr.
-Häzir berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sporty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa uly üns bermegi netijesinde gaýtadan galkynýar. Men hem öz çykyşym bilen Moskwada ýurdumyzyň sport üstünliklerine öz goşandymy goşandygyma guwanýaryn—diýip, biziň meşhurlyk gazanan halypa türgenimiz M.Garlyýew Watanymyza gaýdyp gelensoň gürrüň berdi.
Biziň halypa türgenimiz 2013-nji ýylyň ýanwarynda Dubaýda geçiriljek marafon ylgawyna taýýarlyk görýändigini aýtdy.
Türkmen türgenleriniň öňünde halkara ýaryşlarynyň ençemesi bar. Olar bizi öz üstünlikleri bilen ýene köp gezek begendirerler .