Ï äher gurluşygynyň täze derjelerine çykmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

äher gurluşygynyň täze derjelerine çykmak

view-icon 726
Raýatlaryň girdejileriniň we maddy hal-ýagdaýlarynyň gowulanmagy, şeýle hem ilata ipoteka esasynda karz pul berilmegi boýunça geçirilýän çäreler netijesinde orta gurply ýaşaýan maşgalalaryň ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan jaý alýanlaryň sany, özi hem örän amatly şertler bilen, ýyl saýyn köpelýär. Ýokary amatlyklary bolan jaýlardan ýaşaýyş jaýyny almak üçin türkmenistanlylara ýaşaýyş jaýy satyn alynanda jaýyň bahasynyň bir bölegini tölemek üçin ýörite maksatly ýeňilleşdirilen şertlerde bank karz pullary berilýär. 2008-nji ýyldan başlap, karz alynan pullary tölemekligiň möhleti 15 ýyldan 30 ýyla çenli uzaldyldy, özi hem onuň ýyllyk möçberi 1 göterimdir, esasy karz puluny tölemekligiň möhleti bäş ýyl yza süýşürilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, degişli edaralara we gurluşyk guramalaryna kömekçi potratçylary çekmek bilen, öz hasaplaryna we ýurduň ygtyýar berilen banklaryna berilen pullaryň hasabyna ýerli häkimlikleriň, gurluşyk guramalarynyň we taýatlaryň arasynda üç taraplaýyn baglaşylan şertnamanyň esasynda bölünip berilen melleklarde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak tabşyryldy.

Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimliklerine eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýerli gurluşyk kärhanalary bilen raýatlaryň öňünden beren arzalary esasynda özlerine degişli bolan çäklerde 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu öýleri häkimlikler kesgitlenen tertipde raýatlaryň öz hasaplaryna, şeýle hem bank karz pullarynyň hasabyna ýerläp bilýärler.

Ýurduň paýtagty Aşgabat – döwlet ýaşaýyş jaý syýasatynyň amala aşyrylmagynda aýdyň mysal bolup durýar. 2012-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Aşgabat şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 613 müň inedördülden gowrak meýdany ulanylmaga berildi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň iri göwrümli gurluşygy ýurduň ähli sebitlerinde alnyp barylýar. Bu işler aýratyn hem täze özleşdirilýän tarp ýerleriň ilatly ýerlerinde güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Ýaş maşgalalara goldaw bermek maksady bilen, 2011-nji ýyldan başlap ygtyýar berilen banklar resmi taýdan nikalaşan ýaşlaryň arzasy esasynda ýaşaýyş jaýyny doly bahada almak üçin 30 ýyl möhletde bir ýylda 1 göterim bilen we esasy karz puluny tölemek üçin 5 ýyla çenli ýeňilleşdirilen görnüşde üzmek şerti bilen gozgalmaýan emläklerini karz pul bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Ýaşaýyş jaý syýasatynyň we maksatnamasynyň gelejegkde ösdürmek üçin ýaşaýyş jaý maglumaty, ýaşaýyş jaý gorynyň ölçegleri we onuň häsiýetleri baradaky maglumatlar örän möhümdir. Giň maglaumatlar binýadyny döretmek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunynyň uçdantutma ýazuwy hyzmat eder.

Öňki geçirilen ilat ýazuwy bilen deňeşdirilende ilkinji sapar ýazuw birligi hökmünde diňe bir öý hojalygy we aýratyn şahslar göz öňünde tutulman, eýsem ýaşaýyş jaý häsiýetleriniň saýlanyp alynan toplumy boýunça ýaşaýyş jaý gorunyň ähli birlikleriniň göz öňünde tutulmagy öňde duran ilat ýazuwynyň aýratynlyklarynyň biridir. Bu ýerine ýetirilýän işler şol bir iş bilen iki jem (ilat we ýaşaýyş jaýlary) barada maglumatlar almaga şert döredýär. Ilat ýazuwynyň barşynda ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi, şeýle hem ilatyň şahsy durmuşyny we saglygyny goramak maksady bilen, ýaşaýyş jaý meselelerini çözmek mümkinçiliklerini öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ýaşaýyş jaýlarynyň konstruktiw häsiýetleri, onuň abadançylygy barada maglumatlar alynar.

Ilat ýazuwynyň kömegi bilen ýaşaýyş jaý gaznasy boýunça toplanan maglumatlar ýurduň çäklerindäki bar bolan gurluşlaryň ählisi barada, olaryň şäher gurluşygynda bolup geçýän üýtgetmelerini nazara almak bilen, zerur bolan we doly bahaly maglumatlary almaga şert döreder.

Türkmenistanda geçiriljek ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň jemleri ýaşaýyş jaý bazaryny döretmekde we sazlaşdyrmakda, hususanda, Türkmenistanyň täze Ýaşaýyş jaý kodeksini taýýarlamakda, ýurduň ähli ilatly ýerleri boýunça ýaşaýyş jaý binalarynyň elektron reýestrini döretmekde peýdalanylar.