Ï Türkmen paýtagtynyň energiýa ulgamy döwrebaplaşdyrylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagtynyň energiýa ulgamy döwrebaplaşdyrylar

view-icon 813
Türkmenistanyň taryhynda iň iri taslamalaryň biri bolan elektrik energiýasyny kämilleşdirmegiň taslamasy tassyklanyldy. Bu taslama türkmen paýtagtynyň we gelejekde bütin ýurduň elektrik üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Aşgabat şäher häkimligi Türkiýäniň „Çalyk Enerji Sanaýi we Ticaret A.Ş.“ kompaniýasy bilen 110 kW beketleriň 16 toplumyny, 35 kW beketleriň 11 toplumyny, 10 kW beketleriň 97 toplumyny gurnamak, şeýle hem 110 kW elektrik geçiriji asma ulgamyň 31000 metrini, 110 kW elektrik geçiriji kabel ulgamynyň 15 900 metrini, 35 kW elektrik geçiriji kabel ulgamynyň 8000 metrini, 10 kW elektrik geçiriji kabel ulgamynyň 100 000 metriniň taslamasyny düzmek we olary çekmek barada şertnama baglaşdy.

Dünýä belli kompaniýalar, şol sanda Sсhneider Eleсtriс, Siemens, General Eleсtriс, AВВ we beýlekiler kömekçi potratçy hökmünde çykyş ederler. Bu kompaniýalar göýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirerler hem-de degişli işgärleri taýýarlamak işlerini amala aşyrarlar.

Taslama 5 ýylyň dowamynda 3 tapgyrda ýerine ýetiriler. Göz öňünde tutulan 60 sany beketleriň ählisi ýeketäk energiýa ulgamyna birikdiriler.