Mary welaýatynda sentýabr aýynyň ilkinji on günlüginde bugdaýyň eýýäm 30 göterimden gowragy ekildi. Welaýatda şu ýyl azyklyk bugdaý üçin geçen ýyldaky ýaly 200 gektar meýdan bölünip berildi. Awgust aýynyň ortalarynda badalga alan bugdaý ekiş işleri howanyň ýagdaýyna görä iki-iki ýarym aýa çenli dowam eder.
Bugdaýyň hasyllylygy ýokary bolan, howanyň pes derejelerine, guraklyga we kesellere garşy durnukly, bişirmek üçin ýokary aýratynlyklary bolan görnüşleri saýlanyp alyndy. „Obahyzmatyň“ etraplardaky birleşiklerinde bar bolan tehnikalarynyň ählisi wagtyndan öň taýýar edilip goýuldy, abatlaýyşa degişli bolanlary abatlanyldy hem-de jogapkärli meýdan işleri möwsümine tehniki hyzmatlary edildi. Ekiş möwsümi döwründe ýangyç, tiz habarlaşmak üçin aragatnaşyk, ykjam abatlaýyş toparlaryny döretmek boýunça degerli çäreler geçirildi.