Ï Bugdaý ekilmeli meýdanlaryň ýarysy ekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bugdaý ekilmeli meýdanlaryň ýarysy ekildi

view-icon 738
Ýurtda 860 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekildi. Bu bolsa göz öňünde tutulanynyň ýarysy diýmekdir. Her gün 16 müň gektar meýdanda bugdaý ekişi geçirilýär.

Şu günler ekiş meýdanlarynda kuwwatly oba hojalyk tehnikasi netijeli işledilýär. Ekiş işlerinde 5 müňden gowrak traktor we 2 müň sany seýalka ulanylýar.

Umymylykda, şu ýylyň awgust aýynyň ortalarynda badalga alan ekiş möwsüminiň başlanmagy bilen, topraga bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň 90 müň tonnasy ekildi. Olaryň arasynda bugdýyň ýumşak görnüşleri bolan „Batko“, „Sähraýy“, „Ýolöten-1“, „Bitarap“, „Juwan“, şeýle hem gaty görnüşi bolan un-aş önümlerini öndürmekde ulanylýan „Türkmenbaşy-1“ görnüşleri bardyr.

Türkmen gallaçylary indiki ýylda ýurduň galla harmanyna 1 million 600 müň tonna bugdaý goşmagy maksat edinýärler.