Ï Gurluşyk ulgamynyň kärhanalarynda durkuny täzelemek işleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurluşyk ulgamynyň kärhanalarynda durkuny täzelemek işleri

view-icon 2506
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Senagat ministrligine Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň hem-de Türkmenabat şäher «Demirbetonönümleri» zawodynyň durkuny täzelemek barada «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Durkuny täzelemek işlerine 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we zawodlary 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.