Ï Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda

view-icon 950
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Wirgin we Norman adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, A-80 belgili awtobenzini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan, Russiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) we “A” tehniki kysymly ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem nah we tüýjümek önümler, pagtanyň galyndylaryndyn edilen gaplar, pagta süýümi, agardylyn pagta süýümi we pagtanyň linti daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň täjirleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 75 million 300 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Awstriýadan, Owganystandan, Pakistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler dürli görnüşdäki süýji nygmatlary, arassalanylan pagta ýagyny, saryja goýunlaryň ýüňüni, nah ýüplügi we matalary, nah matalaryň arassalanan galyndylyaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 7 million 519 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, kada laýyk gelmeýän polipropileni 110 müň manatlykdan gowrak möçberde satyn aldylar.