Ï Täze traktorlar gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze traktorlar gelip gowuşýar

view-icon 1051
„Aхion 850“ traktorlary buýuryjylara gowşup başlady. Ýylyň ahyryna çenli şertnamada göz öňünde tutulan СLAAS kompaniýasynyň öndürýän traktorlarynyň 500-si „Türkmenobahyzmat“ Assosiýasyna gelip gowşar.

Bu iri göwrümli şertnama pudakda zähmet önümçiligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän innowasion inženerçilik çözgütleri we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyň logiki taýdan dowamy bolup durýar. „Türkmenobahyzmat“ Assosiýasynda belleýişleri ýaly, möhüm oba hojalyk möwsümine gyssagly ýagdaýda girizmek üçin traktorlaryň ilkinji tapgyry Balkan we Ahal welaýatlaryna iberildi. Ýurduň möhüm oba hojalyk sebitleriniň ählisini üpjün etmek maksady bilen, traktorlaryň indiki tapgyrlary hem welaýatlara we etraplara bölünip beriler.


Innowasion ulgamy bilen üpjün edilen hem-de ýerine ýetirýän işine görä kuwwatlylygyny 225 at güýjünden 260 at güýjüne çenli üýtgetmäge mümkinçiligi bolan „Aхion 850“ traktorlary zähmeti has köp talap edýän işleri ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Bu bolsa ýangyjy tygşytlamaga, tehnikany aýawly peýdalanmaga şert döredýär. Bu traktorlar LEMKEN kompaniýasynyň „EurOpal“ azallary bilen üpjün edilendir. Çaltlandyrylan elektron enjamynyň bolmagy bu tehnikanyň oňaýly tarapydyr. Bu bolsa ýokary ergonomikany, hayzmat etmegi we dolandyrmagy üpjün etmek bilen, bu oba hojalyk tehnikasynyň we ony sürüjileriň işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Tehnikalaray gowşuryş dabarasyna gatnaşan СLAAS kompaniýasynyň söwdadan soňky ösüş ýolbaşçysy Gerd Roýeriň belleýşi ýaly, tehnika ýerli şertlere doly uýgunlaşandyr, türkmenistanyň bazary bolsa, örän özüne çekijidir. Sebäbi bu ýerde iň häzirki zaman tehnikasyna bolan isleg örän ýokary, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly göwrümli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu kompaniýa Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri işleýär. Tehnikanyň häzirki getirilen tapgyry bolsa, hyzmatdaşlyk döwründe getirilen tehnikanyň iň irisidir. Ýurtda ýokary hilli hyzmat edişi guramak üçin köp ugurly hyzmat ediş ulgamy döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda nemes kysymly oba hojalyk maşynlary eýýäm giňden görkezildi. Şunlukda, „Türkmenobahyzmat“ Assosiýasy geçen ýyl „Tuсano 430“ däne-şaly orujy kombaýnlaryň 120-ni aldy. Bu kombaýnlaryň orak möwsümini sazlaşykly we çalt geçirmekde goşandy örän ulydyr. Şeýle hem kompaniýanyň „Arion 40“ we „Aхion 850“ kysymly traktorlaryny Lebap, Mary, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň daýhan birleşikleri satyn aldylar.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde СLAAS kompaniýasynyň iri okuw merkezi döredilýär, şeýle hem ýurduň demirgazyk sebtindäki oba hojalyk institutynda häzirki zaman okuw binýady bardyr. Bu ýerde öwrediji multimediýa enjamlary, kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň esasy enjamlary, iň ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen nusgalary goýulandyr.

Obanyň ýokary tehniki taýdan üpjünçiligi – her bir gektar meýdanyň ýokary hasyllylygynyň, umumy oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmagyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ýurtda bu pudagyň materil-tehniki üpjünçiligini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge, oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk tehnikasyny ulanmagyň şertlerini düýpli gowlandyrmaga ugur alyndy.