Şu gün, şanly baýramçylygyň - Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary ýurdumyzda ilkinji bolup pagta ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada buýsanç bilen habar berdiler. Olar eziz Watanymyzyň harmanyna “ak altynyň” 5 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.
Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň oba hojalyk meýdanlarynyň Garagum derýasynyň suwy bilen suwarylýan esasy bölegi Serdar we Bereket etraplarynda ýerleşýär. Ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň toprak howa şertlerini nazara almak bilen ýerlere pagtanyň orta süýümli sortlary ekildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan şeýle çemeleşme netijesinde pagtaçylar “ak altyny” öndürmekde ýokary görkezijileri gazandylar.
Pagta taýýarlamak boýunça öz üslerine alan borçnamalaryny ýerine ýetiren balkanlylaryň üstünligi ekerançylaryň ençeme aýlaryň dowamynda çeken zähmetiniň, olaryň ähli agrotehniki kadalary we talaplary berjaý etmek bilen gowaça eden gündelik idegleriniň, gowaçanyň hasyllygyny ýokarlandyrýan öňdebaryjy tehnologiýalary iş tejribesine ornaşdyrmagynyň kanunalaýyk netijesi bolup durýar.
Balkan welaýatynyň daýhanlary şu möwsümde ajaýyp üstünlikleri gazanyp, ýetişdirilen hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny has-da ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeleri netijesinde özleri üçin döredilen ykdysady höweslendirmelere daýanyp, gowşamaýan depginlerde zähmet çekmegi dowam edýärler.
Welaýatyň pagtaçylary milli Liderimizi öz öňlerine goýlan wezipeleri geljekde hem mynasyp ýerine ýetirmek, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, şonuň bilen eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmäge goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.