Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 689
Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, A-80 görnüşli awtoulag benzinini we az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazut Marşall adalaryndan gelen işewürleriň satyn alan harydy boldy. Mundan başga-da daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, nah ýorganlar, ýüplük we nah matalar, pile, pagta süýümi, ulýuk, nah galyndylary satyldy. Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Russiýa, Şweýsariýa, Ukraina, Gazagystan, Gyrgyzystan, şeýle hem Wirgin adalary. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 44 million 155 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri arassalanan pagta ýagyny, süýji-köke önümlerini, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalary, erkekleriň egin-eşiklerini, garaköli, saryja goýunlaryň ýüňüni we geçiniň çöprüni, nah ýüplükleri, agardylan pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 426 müň manada deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin azyklyk bugdaýy, şeýle hem umumy bahasy 2 million 923 müň manatlyk gurluşyk materiallaryny satyn aldylar.