Ï Hasyl barada alada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyl barada alada

view-icon 680
Mary welaýatynda şugundyr ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlanyp barýar – hatararalaryny bejermek we ösüş suwuny bermek işleri alnyp barylýar. Hasyl ýygnamak işleri noýabr aýynyň ilkinji on günliginde başlanar. Türkmen hünärmenleriniň baha bermegine görä, gant şugundyrynyň ýokary hasyly ýygnalar.

Türkmenistanda gant şugundyry meýdana iki möhletde ekilýär. Häzirki wagtda güýzlik däneden boşan ýerlere aralyk ekin hökmünde 11 müň 900 gektara ekilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem fewralyň ahyrynda marty başlarynda 3 müň gektara gant şugundyry ekildi. Onuň hasyly bolsa iýul aýynyň ahyrynda ýygnaldy.

Şu ýyl türkmen oba hojalyk ekinlerini öndürijileri güýzki gant şugundyrynyň hasylynyň 200 müň tonnasyny taýýarlamagy we gaýtadan işlemäge bermegi göz öňünde tutýarlar. Gant şugundyrynyň hasyly Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiýasynyň şeker öndürýän „Maryşeker“ önümçilik birleşigine gaýtadan işlemäge gelip gowşar.