Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň esasy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Azyk senagaty Assosiýasynyň „Jeýhun“ tomat-konserw kärhanasy dolulygyna durkunyň täzelenmegine garaşýar. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy agzy ýapylan miwe-gök şertli bankalarynyň sany 4 müňüne çenli artar.
Kärhananyň tehniki binýadynyň durky dolulygyna täzelener – önümçilik bölümlerine, barlaghana, ammar jaýyna täze enjamlar oturdylar. Gelejekde – kärhananyň baş we kömekçi jaýlaryny düýpli abatlamak, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Täze önümçilik ugurlarynyň gurulmagy netijesinde, tomat pastasynyň, ketçupyň, gaplarda agzy ýapylan hyýarlaryň, pomidorlaryň, dürli miweler salnyp agzy ýapylan gaplaryň, şeýle hem jemiň, mürepbäniň, pomidor we miwe içgileriniň öndürilişiniň mukdary artar. Meselem, 100 gramdan 420 grama çenli dürli göwrümdäki gaplara ketçupy guümak üçin gaplaryň ýyllyk kuwwaty 2,5 million sanysyny öndürýän enjam oturdylar. Gaplamak, guýmak, konserw gaplaryň agzyny ýapmak, awtomatiki usulda işleýän germetiki gaplar önümiň tagamynyň hil taýdan uzak durmagyna şert döredýär.
Sowadyjy ammaryň 300 tonna çenli, taýýar önümleri saklamagyň ammarynyň 500 tonna çenli sygymlylygy artar. Önümçilik barlaghanasy gerek bolan enjamlaryň, abzallaryň, inwentarlaryň täze toplumy bilen üpjün ediler.
Bu kärhananyň durkuny täzelemegiň çäklerinde gelejekde kömekçi desgalary gurmak, häzirki zaman energo-suw üpjünçiligi, önümçiligi dolandyrmak we gözegçilikde saklamak infrastrukturasyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Ýakyn aýlarda badalga beriljek pudagyň esasy kärhanalarynyň biriniň durkunyň täzelenilmegi ýurduň azyk senagatynyň uly göwrümli ösüş maksatnamasyny amala aşyrmakda möhüm ädim bolar.