Ýurduň 18 müň gektar ýere ekilen şaly meýdanlarynda orak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Orak möwsümine geçen aýyň başynda badalga berildi. Eýýäm türkmen şalysynyň 2 müň tonnasy Wtan harmanyna tabşyryldy.
Şaly ekini Türkmenistanyň howa-toprak şertleri göz öňünde tutulyp, ösdürilip ýetişdirilýär. Şunlukda, şaly Daşoguzda (S.Türkmenbaşy ad. etrapda) we Lebap welaýatynyň Galkynyş, Serdarabat, Halaç, Atamyrat, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplarynda ekilýär. Ekin meýdanlaryna şalynyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekilýär. Olardan şalynyň „Nukus-2“, „Ak merjen“, „Awangard“ ýaly görnüşlerini görkezmek bolar.
Şaly aralyk ekin hökmünde güýzlük bugdaýdan boşan ýerlere ekilýär. Şunlukda, bu oba hojalyk ekinini oramga ilki bilen Daşoguz welaýatynda badalga berildi. Degişlilikde ilkinji nobatda ekiş işleri hem geçirildi. Ýurduň bu sebtinde şaly 8 müň 100 gektar meýdana ekilýär. Oktýabr aýynyň birinji on günlüginde Lebap welaýatynda şaly oragy başlandy. Bu ýerde şaly 10 müň 200 gektar meýdany eýeleýär.
„Türkmenobahyzmat“ Assosisynyň hünärmenlero şalynyň orak möwsüminiň bökdençsiz alnyp barylmagyna, ekin meýdanlarynda önjeýli işleriň ýerine ýetirilmegine, tehniki taýdan üpjün bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýaýbaňlandyrylan orak möwsüminde ýurduň şaly ekilen meýdanlarynda däne orujy kombaýnlaryň 70-si netijeli işledilýär. Orak möwsüminde işleýän kombaýnlaryň köpüsi bolsa, „Klaas“ nemes kampaniýasynyň öndürýän kombaýnlarydyr.
Meýdanlardan ýygnalan hasyl „Türkmengallaönümleri“ assosiýasynyň möhüm düzümi bolan dänäni gaýtadan işleýän kombinatlaryň kabul ediş nokatlarynyň 14-ne ýük daşaýan awtoulaglar arkaly eltilýär.
Şertnamalýyn borçnama laýyklykda türkmen şalyçylary şu ýyl döwlet buýurmasyny ýerine ýetirmäge borçlanýarlar hem-de Watan harmanyna 80 müň 600 tonna türkmen tüwisini tabşyrmagy maksat edinýärler.