Kenar ýakasynda ähli amatlyklary bolan hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda ýeňilleşdirilen ipoteka karz pullaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany artýar.
Balkanabat, Hazar şäherlerinde we Türkmenbaşy etrabynda ipoteka boýunça ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Diňe soňky wagtda bu etrabyň merkezinde – şäher tipli Türkmenbaşy şäherçesinde ondan gowrak maşgala jaý toýuny toýlady. Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de onusy taýýarlyk tapgyrynyň dürli derejesinde dur. Olaryň ählisini bilelikde alanyňda bu ýerde abadanlaşdirilan täze Garaşsyzlyk köçesini emele getirdi.
Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary her biri on sotka we ondan hem köp bolan mellek ýerlerinde ýerleşýär. Ipoteka esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň giň we ýagty otaglary bolup, olar häzirki zaman arassaçylyk-durmuş oňaýylyklary bilen üpjün edilendir. Jaýyň içki bezegleri geçirilende olaryň her biri – ýatylaýn jaýdan aşhana we suwa düşülýän otaga çenli, işleýiş wezipeleri göz öňünde tutulandyr, iň gowy gurluşyk önümleri – parket, reňk, aýna paketi, alýuminden taýýarlanan gapylar we penjireler ulanyldy. Gurulýan jaýlar ilatly nokatlaryň merkezleşdirilen suw-lagym geçiriji ulagamlaryna, gaz we energetika ugurlaryna birikdiriler.
Balakan welaýatynyň şäherlerinde we etraplarynda ipoteka esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda „Balkangurluşyk“ önümçilik birleşiginiň ýerli bölümleri bilen bir hatarda kiçi we orta hususy kärhanalar, şol sanda ýerli çig maldan gurluşyk önümlerini öndürijiler hem işjeň gatnaşýarlar. Bir we iki gatly kottejler esasan hem „Türkmenbaşytaslama“ Döwlet taslama institutynyň taslamalary boýunça gurulýar.