Ï Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gazananlarynyň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gazananlarynyň sergisi

view-icon 951
Şu gün türkmen paýtagtynda ýurdumyzyň Garaşçyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Her ýylda Watanymyzyň baş baýramçylgynyň öňüsyrasynda guralýan bu ykdysady gözden geçiriliş döwrebaplaşdyrmak we innowasiýalaryň ýoly bilen ynamly gadam urýan milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly üstünlikleriniň, onuň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründäki mümkinçilikleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde guralan pudagara gözden geçirilişe döwlet edaralarynyň we hususy kärhanalaryň 80-e golaýy öz önümlerini görkezdiler.

Köşgüň merkezi zalynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Ýaşajyk artistler sergä gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar.

Ykdysady gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň biziň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we ony guraýjylara iberen Gutlagynda dürli pudaklar boýunça ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmäge gönükdirilen serginiň uly ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyzda giň möçberli gurluşyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny we dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalarda ýokary hilli döwrebap önümleriň öndürilýändigini, ýokary hilli hyzmat ulgamynyň ýola goýlandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz serginiň döwlet düzüminiň, hususy eýeçiligiň we işewür toparlaryň wekillerine tejribe alyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň meselelerini çözmek üçin oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

“Türkmenistany 2011-2030-njyý yllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň”, 2012-2016-njy ýyllarda sebitleri senagat taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän bölümler hereket edýär.

Göze gelüwli görnüşde bezelen, ýöriteleşdirilen bölümler sergä gatnaşyjylary ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde energetika, nebit we gaz pudaklary, dokma senagaty, halyçylyk, gurluşyk we gurluşyk materiallary, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, sport we syýahatçylyk, neşirýat gullugy, tebigaty goramak ýaly bölümler öz ugurlary boýunça gazanan üstünliklerini görkezýärler. Bu pudaklaryň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän wideofilm, ýörite taslamalar, owadan bezegli gollanmalar, žurnallar taýýarlanypdyr.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, bölümlerinde bu ulgamyň ýeten derejesinden habar berýän sergiler guralypdyr. Ýurdumyzyň dürli pudaklaryndaky baý ýataklarda uglewodorod serişdelerini gazyp almak we olary gaýtadan işlemek boýunça hereket edýän häzirki zaman kärhanalarynyň kiçeldilen görnüşleri, şeýle hem kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan taslamalar bu ulgamyň işi bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ýörite gurnalan wideokartada “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça ugurlar, hususan-da, Russiýa, Hytaý we Eýran ugurlary görkezilýär. Şeýle hem Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa tarap we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugurlary boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän gaz magistrallary görkezilýär.

“Türkmengeologiýa” we “Türkmenhimiýa” döwlet korporasiýalarynyň bölümlerinde nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek, olary gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işler görkezilýär. Şeýle hem diňe bir sebitde däl, eýsem dünýä boýunça uglewodorod serişdelerine baý diýlip ykrar edilen we 26 trillion kub metr gazdan gowrak gory bolan “Galkynyş” gaz käninde alnyp barylýan işler barada gürrüň berýän bölümler bar. Garlykda dag magdanlaryny baýlaşdyryjy zawodyň işe girizilmegi bilen, kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça ägirt uly mümkinçilikler açylar. Bu ýerde halk hojalygy üçin zerur bolan mineral dökünleriniň we nebit önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşlerini öndürýän senagatyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy yzygiderli ösdürilýär. Nebitgaz serişdeleriniň binýadynda ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini doly üpjün edýän we onuň köp bölegini daşarky bazarlara ibermäge mümkinçilik berýän möçberleri öndürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler hakynda “Türkmenenergo” döwlet elektrik energetika korporasiýasynyň, “Türkmenenergogurluşyk”, “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernleriniň bölümlerinde aýdyň gürrüň berilýär.

Sergi köşgüniň birinji gatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde uly ösüşlere eýe bolýan ulag we aragatnaşyk düzümleriniň önümleri görkezilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň häzirki zaman deňiz gämileri, “Sumbar”, “Hazar”, “Jeýhun”, Bitarap”, “Etrek” ýaly nebit daşaýjy kuwwatly tankerler barada gürrüň berilýär.

Bu bölümde ýolagçylary gatnatmak we dürli ýükleri daşamak üçin niýetlenen gämileriň, 320 orunlyk ýokary tizlikli ýolagçy gämileriniň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalar görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzilini we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň baş meýilnamasyna, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda Hazaryň kenarynda dünýäniň täze tehnologiýalaryna we öňdebaryjy tejribelerine daýanmak arkaly port düzüminiň gurluşygy güçýli depginde alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli ugurdaş ministrlitleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, döwlet konsernleriniň we assosiasiýalarynyň, banklaryň hem-de Döwlet haryt çig-mal biržasynyň hem-de aýry-aýry kärhanalaryň bölümlerinde ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda halkara maýa goýum we milli taslamalary netijeli durmuşa geçirmegiň depginleri barada giňden gürrüň berilýär. Ol serginiň maksatnamasynyň esasyny düzýär.

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň eksporta gönükdirilen pudaklarynyň önümlerini görkezýär. Bu ýerde “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgi bilen öndürilýän we dünýäniň bazarlarynda ymykly orun tutan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa harytlara halkara sertifikatlarynyň berlendigini äşgär edýän maglumatlar bar. Munuň özi nah we ýüpek süýümlerdir, ýüplüklerdir, dürli görnüşli matalar we tikinçilik hem-de zergärçilik önümleridir, şeýle hem türkmen milli lybaslarynyň nusgalarydyr. “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň gadymy we häzirki zaman nusgadaky haly önümleri, köp sanly telekeçileriň we senetkärleriň halylary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Gurluşyk senagata we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde bu pudaklarda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hünärmenleriniň güýji bilen döwrebap binalaryň, önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk merkezleriniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Dünýäniň owadan şäherleriniň biri bolan ak mermerli paýtagtymyz binagärlik keşbi, milli aýratynlygy we özgerýän görnüşi bilen görenleri haýrana goýýar.

Sergide paýtagtymyzyň häzirki zaman köçesi bolan “Bitaraplyk” şaýolunyň ugrunda gurlan we ähli degişli düzümleri özünde jemleýän ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, gök zolaklaryň we seýilgähleriň kiçeldilen görnüşi goýlupdyr. Onuň gapdalynda bolsa döwletimiziň halkymyzyň oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertini üpjün etmäge gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasynyň ýene bir nusgasy görkezilýär.

Watanymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň telekeçileri gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň buýurmasy esasynda dürli maksatly desgalary bina edýärler.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň bölümlerine sepgide aýratyn orun berlipdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasy, “Türkmenmallary” maldarçylyk paýdarlar jemgyýetiniň assosiasiýasy, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň Balyk hojalygy döwlet komiteti we beýlekiler öz önümlerini görkezýärler.

Ýokary hilli et, süýt, şöhlat, makaron we konditer önümleri, ösümlik ýaglary, dürli görnüşli çagalar iýmiti, balyk we et konserwleri, ter miwe-gök önümler, kakadylan önümler içerki bazary azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aňladýar. Soňky ýyllarda önümleriň diňe bir görnüşleri däl, eýsem olaryň ýurdumyzda öndürilýän mukdary hem artdy. Ýeri gelende aýtsak, olaryň hemmesi ekologiýa we estetiki talaplar boýunça halkara ülňülerine laýyk derejede bezegli görnüşde gaplanypdyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçilik ulgamy halk hojalygynyň dürli önümçilik pudaklarynda barha görnükli orun eýeleýär we olar döwlet ösüşine yzygiderli goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň hususy telekeçileri we önüm öndürijileri oba hojalygy we azyk senagaty, dokma we mebel önümçiligi, neşirýat işi hem-de häzirki zaman senagat kärhanalarynyň gurluşygy boýunça ýöriteleşýärler. Bu gezekki sergide “Aýbölek”, “Aga gurluşyk”, “Intek”, “Beýik bina”, “Myradym”, “Baş market” we beýleki hususy kompaniýalar öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýärler.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we Sport baradaky döwlet komitetiniň bölümleri hem sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň bölüminde bolsa häzirki döwürde birnäçe bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň, çagalar üçin dynç alyş merkezleriniň we gämi gatnawly derýanyň hereket edýän ýeri bolan halkara syýahatçylyk merkeziniň okgunly ösüşi aýdyň beýan edilýär.

Bilim ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berýän bölümde ýurdumyzda köp nusgada çap edilýän okuw gollanmalary, görkezme esbaplary, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalary barada gürrüň berýän bölümde ýokary we orta okuw mekdepleriniň ähli ugurlary, okatmagyň täze maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, biziň talyplarymyzyň we mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarynda, bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri barada giňden maglumat berilýär. Şeýle hem Bilim ministrliginiň bölüminde ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalary, talyp ýaşlaryň abraýly halkara olimpiadalarynda we sport bäsleşiklerinde gazanan üstünliklerine şaýatlyk edýän kuboklar we beýleki baýraklar goýlupdyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýurdumyzyň alymlarynyň üstünlikleri, mümkinçilikleri we geljegi nazarlaýan işläp taýýarlamalaryny görkezýär. Olar milli ylym ulgamynyň täze ylmy hem-de tehnologik taýdan gazananlaryna isleg bildirýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Bu gezekki ykdysady gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň sanynyň köp bolmagy we onuň jemgyýetçilik seslenmesini döretmegi, Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň ýurdumyzba öndürilýän harytlaryň sarp ediş bazarynda möhüm orun eýelemegi, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda beýik ýeňişlere tarap ynamly gadam urýan halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýan döwetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üstünlikleri barada alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Sergi öz işini 19-njy oktýabra çenli dowam eder.