Ï Türkmen döwletiniň ösüşiň barşyny dolandyrmak boýunça toplan tejribesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwletiniň ösüşiň barşyny dolandyrmak boýunça toplan tejribesi

view-icon 1098
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň durmuş - ykdysady ösüşiniň döwlet dolandyrylyşynyň tejribesi we gazanan üstünlikleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuňi işine Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, bank edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, milli parlamentiň deputatlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutany şonda “Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işleri amala aşyrýarys. Bu işleri durmuşa geçirmekde döwlet dolandyrylyşyny we kadalaşdyrylyşyny ösen derejelerde ýola goýmak möhüm ähmiýete eýe bolýar” diýip belledi.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine we häzirki döwürde dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmagyna, milli ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan dolandyrylyşyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Maslahatyň barşyndaky çykyşlarda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly möçberli özgertmelere beslenýändigi we şonuň netijesinde ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine batly depgin bilen goşulyşýandygy we halkara derejesindäki at-abraýynyň artýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk dörediji daşary syýasat, ylmy taýdan esalandyrylan ykdysady strategiýa durmuş-ykdysady ösüş boýunça ähli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň özeni bolup durýar.

Türkmenistan durmuşdan ugur alýan bazar ykdysaldyýetini tapgyrlaýyn kemala getirmegiň strategiýasyna esaslanýan özboluşly ösüş ýoluny saýlap almak arkaly, özgertmeleriň ýoly bilen ynamly gadam urýar we durnukly ýagdaýy saklap, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylymagyny üpjün edýär. Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ugrunyň esasy jähetleri Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň bähbidine”, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly düýpli ylmy işlerinde anyk kesgitlendi.

Milli Liderimiz öz çykyşlarynda ykdysady ösüşiň konsepsiýasynyň esasy maksadynyň döwletimizi dünýäniň has ösen döwletleriniň derejesine çalt ýetirmek üçin, ýurdumyzyň serişdeler bilen bagly, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny diwersifikasiýa etmekden ybarat bolup durýandygyny birnäçe gezek belledi. Diwersifikasiýa utgaşykly milli önümi, ýagny çig maly we eksport üçin nietlenen önümleriň öndürilmegine toplumlaýyn we belli bir gurluşa görä çemeleşmekden, şeýle hem ony adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutmak arkaly paýlamakdan ybarat bolup durýar. Döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasynyň täze görnüşi, ilki bilen millii we dünýä edaralaryny maýa goýumyň we önümiň bazaryny döwlete degişli we hususy pudaklary deňeçer görnüşde baglanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Öňde goýlan maksada ýetmek üçin uzak we orta möhletleýin geljek üçin niýetlenen maksatnamalar kabul edildi. Hususan-da, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy", "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy", “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-ny ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça maksatnamasy” kabul edildi. Bu resminamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde senagat we durmuş maksatly köp sanly desgalar gurulýar, milli we halkara derejeli, iri maýa goýumly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Dünýäniň abraýly maliýe edaralary, hususan-da, Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky tarapyndan türkmen ykdysadyýetiniň geljekki ösüşige, oňyn baha berilmegi we geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýän çaklamalaryň aýdylmagy Türkmenistanyň dünýäniň has sazlaşykly ösýän döwletleriniň arasynda öňdebaryjy orunlary eýelemegini üpjün edýän, saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny aýdyň tassyklaýan subutnama bolup durýar. Esasy maliýe guramalarynyň hünärmenleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşine degişli görkezijileriň ýokarydygyny belläp, türkmen döwletiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösjekdigini çaklaýar. Halkara walýuta gaznasynyň çaklamasy boýunça 2012-2013-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 108 göterime barabar bolar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginleriniň ilkinji nobatda döwletiň maýa goýumlary boýunça netijeli syýasaty ýöretmegi hem-de milli ykdysadyýetiň diňe aýry-aýry pudaklarynyň däl-de, ähli ulgamlarynyň sazlaşykly we toplumlaýyn ösdürilmegine gös-göni gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberleriniň ep-esli artdyrylmagy netijesinde üpjün edilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli walýutanyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagy we banklaryň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy boýunça başlangyjy esasynda iş ýüzünde amala aşyrylýan çäreler durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşe ýardam berýän möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň hatarynda görkezildi.

Salgyt boýunça ýöredilýän syýasat yzygiderli ykdysady ösüşiň gazanylmagynda uly ähmiýete eýedir, bu syýasat höweslendiriji häsiýete eýe bolup, önüm öndürýän ulgama, ykdysadyýetiň döwlete we ýangyç serişdelerine dahylsyz pudaklaryň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň giňden çekilmegine gönükdirilendir. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi we telekeçilik işiniň täze, dürli ugurlarynyň döredilmegi salgyt salynýan binýady giňeltmäge, ýurdumyzyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan maliýe serişdelerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Çykyşlarda jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmek boýunça harajatlaryň düzüminde agramly bölegiň innowasion ykdysadyýetiň esasy hökmünde bilimiň, saglygy goraýşyň ösdürilmegine we durmuşa degişli dürli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän serişdeleriň paýyna düşýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy hut şol maksatlara gönükdirilýär. Soňky ýyllarda zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek üçin harajatlar hem ep-esli möçberde artdyryldy. Ýurdumyzyň ilatyna elektik energiýasyndan, tebigy gazdan, suwdan, duzdan, benzinden peýdalanmak boýunça berilýän ýeňillikler dolulygyna saklanyp galdy.

Ýurdumyzyň Döwlet býujeti ep-esli möçberde artykmajy bilen ýerine ýetirilýär. Döwlet býujetiniň muňa degişli serişdeleriniň galyndylary 2008-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Durnuklaşdyş gaznasyny döretmegiň esasyna öwrüldi. Bu gaznada döwletiň maliýe serişdeleri jemlenýär, şolar milli maksatnamalary amala aşyrmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilýär.

2011-nji ýylyň sentýabrynda milli Liderimiz tarapyndan Durnuklaşdyryş gaznasynyň hasabyna amala aşyrlýan maýa goýum taslamalar boýunça döwletiň maliýe wekili hökmünde Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyny döretmek hakyndaky Karara gol çekildi. Bu maliýe edarasynyň esasy wezipesi eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, önümçiligi ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça taslamalary amala aşyrýan kärhanalara we hususy telekeçilere ýeňillikli görnüşde karz berilmegini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Maslahata gatnaşyjylar ýakyn we orta möhletleýin döwürde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, milli ykdysadyýetde oňaýly ýagdaýlaryň döreýändigini bellediler. Ýurdumyzyň toplanan oňyn tejribä we üstünliklere daýanmak arkaly, şu ugurda nobatdaky möhüm ädimi ätmäge taýýardygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki tapgyrda ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli ulanmagyň, jemgyýetçiligiň intellektual kuwwatynyň artdyrylmagynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy aýdyldy. Ylmyň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, medeniýetiň derjesiniň we halkymyzyň maddy hal-ýagdaýnyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryndan işjeň ýagdaýda peýdalanmak yzygiderli ösüş gazanylmagyna we döwletiň hemmetaraplaýyn rowaçlanmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň göwnejaý düzümleriniň döredilmegine degerli ýardam edýär. Galyberse-de, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly we özgerdiji güýji hökmünde dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmakda möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýar.

Ýygnananlar şu ylmy-amaly maslahatyň ykdysady ylmy ösdürmek boýunça uly möçberli işiň bir bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine önjeýli goşant boljakdygyny biragyzdan bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ösüşi we rowaçlygy ugrundaky asylly başlangyçlarynyň ählisi boýunça üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler.