Ï Ozaly bilen – oňat hilli ýollar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ozaly bilen – oňat hilli ýollar

view-icon 770
Täze gurluşygy alnyp barylýan Köýtendagyň etegi bilen uzap, täze Garlyk şäherçesiniň içi bilen geçip gitjek Kelif-Gaýnarbaba ýolunyň uzynlygy otuz kilometrden hem geçer. Ikinji derejeli geljekki awtoulag ýolunyň her bir tarapa gatnalýan böleginiň giňligi 8 metr bolup, onyň „gök“ bölüji zolagy bolar.

Ýoly çekmek üçin gerek bolan toprak, çagyl-çäge daşaýan ýüküni özi düşürýän awtoulaglar geljekki ýoluň iki tarapyna hem gatnaýarlar, bu ýerde ýol demrikdiriji, ýük ýükleýän we düşürýän, ýer tekizleýji, awtogreýderler netijeli işledilýär. Olaryň sürüjileri surata düşüreli diýen haýyşymyza hoşallyk bilen ýylgyryp hem-de ellerini galgadyp jogap berýärler. Bu ýoly „Lebapawtoýolary“ Önümçilik birleşiginiň etrp bölüminiň inženerleri we işçileri, şeýle hem „Ussat hünärmen“, „Hyzmatmerkezi“ hususy kärhanalary gurýarlar.


Köp tonnalyk ýol-gurluşyk katoklarynyň kömegi bilen ýoluň tekizlenen üstki gatlagy demrikdirilenden soňra, azyndan 20 santimetr çagyl düşelýär. Soňra hökmany ýagdaýda suw-dykyzlandyryjy çärelerini geçirenlerinden soňra ýolçular geotekstili we ýörite taýýarlanan tory ýola düşeýärler. Bu bolsa, uly ýük göterýän ulaglaryň gatnamagyna oňaýly täsir eder ýaly, ýoluň „maýyşgaklygyny“ birnäçe esse ýokarlandyrýar. Soňra ýola ýene-de ýarym metre golaý galyňlykda çagyl düşelip, demrikdirilýär, iň soňunda bolsa 20 santimetr galyňlykda asfalt düşelip, ol hem berk demrikdirilýär. Ýoluň köp gatlakda çekilmegi onuň hilini ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem bu ýagdaý ony bir tarapdan ýerasty suwlardan we ýerasty sarsgynlardan, beýleki bir tarapdan – daşky tebigy-howa hadysalaryndan goraglylygyna kepil geçýär. Munuň bolsa, bu ýerleriniň gyş aýlarynda aýazly, tomus aýlarynda jöwzaly gurak howa şertlrinde uly ähmiýete eýedir.

Bu häzirki zaman ulag ýoly bilen bir hatarda gelejekki Garlyk şäherçesine suw, gaz, elektrik ulgamlary çekilýär, dürli kommunikasiýalar ýer astyndan çekilýär.