Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýylylygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady, her ýylda ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu uly möçberli sergi Garaşsyz ata Watanymyzyň täze sepgitlere we ykdysady belentliklere ýetmek ugrunda ynamly gadam urýandygyny görkezýän ýene-de bir subutnama öwrülip, bu şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we welaýatlarda şu günler geçirilýän beýleki çäreleri hem ýurdumyzyň durmuşynyň we işiň ähli ugurlaryny hil taýdan täzelemek boýunça badalga berilýändigini görkezýän özboluşly wakalar hökmünde görkezmek bolar. Şolaryň ähmiýeti döwletiň içerki maksatlary we wezipeleri, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy boýunça ileri tutulýan ugurlar arkaly kesgitlenýär.
Bularyň hatarynda ilkinji nobatda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen çäreleri – GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyny hem-de GDA agza bolup durýan döwletleriň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahatyny görkezmek bolar. Şeýle hem öýjükli aragtanaşyk boýunça “Altyn asyr” kärhanasynyň täze ajaýyp binasynyň we türkmen paýtagtynda Garagum derýasynyň üsti bilen geçýän awtomobil köprüsini, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz obasynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň toplumynyň ulanmaga berilmegini görkezmek bolar. Aşgabatda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet dolandyrylyşynyň tejribesi we gazanylan üstünlikler” atly nobatdaky ylmy-amaly maslahat we beýleki çäreler geçirildi.
Galyberse-de, giňden goşulyşmak bilen bagly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini göz öňünde tutup aýdanyňda, dünýäniň işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň IV halkara maýa goýum maslahatynyň hem-de şu ýerde, Sergi köşgünde ýurdumyzyň ykdysady taýdan gazananlary we maýa goýumly täze taslamalary boýunça guralan serginiň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolandygyny, şoňa işewürlik maslahatyna gatnaşyjylaryň hem hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşandygyny aýtmak gerek.
Ozal habar berlişi ýaly, Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu ykdysady gözden geçirilişe ýurdumyzyň döwlete degişli we hususy kärhanalarynyň 80-den gowragy gatnaşdy we olar halk hojalygynyň tutuş toplumyna wekilçilik etdiler. Köp ugurly sergide türkmen döwletiniň ykdysady we beýleki durmuşynyň ähli ugurlarynyň ýokary derejedäki ösüş depginleri we täsin galdyran pursatlar jemgyýetiň öňe, ýaşaýşyň täze sepgitlerine we täze hilli bolmagyna tarap ynamly gadam urýandygyny äşgär etdi. Sergide milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeleri we geljekki meýilnamalary bilen tanyşdyrylyş dabaralary guraldy, şol meýilnamalary milletiň Lideriniň öňe süren başlangyçlaryna esaslanýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryna we halkara derejesinde uly möçberli taslamalara laýyklykda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Sergä gelen köp sanly adamlar we daşary ýurtly myhmanlar belli-belli ugurlara degişli pawilonlarda geňeşçileriň we hünärmenleriň gürrüňini uly üns berip diňlediler, şonda wideokartalaryň we fotopannonyň üsti bilen, taslamalara degişli maketler, nusgalar we beýleki maglumatlar aýdyň görkezildi hem-de gadymy türkmen döwletiniň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmuny we gerimi giňden äşgär edildi.
Milli ykdysadyýetiň ýangyç-energetika we gurluşyk toplumlaryna, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryna degişli diwarlyklarda gazanylýan anyk üstünlikler we özgertmeler aýdyň görkezildi. Mälim bolşy ýaly, aragatnaşyk ulgamy, ählumumy Internet ulgamyna aralaşylmagyny giňeltmek, sanly aragatnaşyk, kämil maglumatlar tehnologiýalary boýunça döwrebap enjamlaryň ulanylmaga berilmegi durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň netijeliligini kesgitleýär.
Dokma we himiýa pudaklaryna degişli senagat kärhanalarynyň pawilonlarynda halkara güwänama bilen üpjün edilen we türkmen eksportunyň agramly bölegini düzýän önümleriň ýokary hilliligi we dürli görnüşleri görkezildi. Tutuş ýurdumyz boýunça dürli maksatly ýüzlerçe desgalaryň batly depgin bilen gurulmagy netijesinde, türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugry hasaplanýan gurluşyk materiallarynyň önümçiligine hem güýçli itergi berildi. Bu pudagy ösdürmegiň geljekki meýilnamalary boýunça aýna önümleriniň, örtülýän tebigy materiallaryň, çerepisa, lak, reňk we beýleki serişdeleriň önümçiligini giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň özboluşly pawilonlary tutuş ýurdumyz boýunça gaýybana syýahat etmek arkaly, her bir welaýatda bar bolan zatlar, şolarda haýsy önümleriň işlenip taýýarlanýandygy bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Sergide dürli görnüşdäki senagat önümleri, azyk harytlary, amaly-haşam sungatyna degişli zatlar bilen birlikde, uly möçberli maýa goýumly taslamalar, innowasiýalar, dürli pudaklarda ulanylýan döwrebap tehnika we enjamlar, şeýle hem ýurdumyzyň ägirt uly serişdeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem Sergide gumanitar ugurda, ilkinji nobatda bilim we sungat boýunça ýurdumyzyň gazananlary hem öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aýratyn diwarlygy hut şu ugra bagyşlandy. Köp sanly eksponatlaryň – tehniki çözgütleriň we täzelikleriň arasynda ekologiýa taýdan arassa tebigy energiýany elektrik energiýasyna öwürmek boýunça ýel we gün arkaly eýýäm hereket edýän desgalaryň nusgalary, şeýle hem “Gün” institutynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanýan täze çözgütler mynasyp orny eýeledi.
Kärhanalaryň we guramalaryň, hususy telekeçileriň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasyndaky köp sanly gepleşikler we gatnaşyklar serginiň möhüm ähmiýetli netijesine öwrüldi, şol gatnaşyklaryň geljekde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalaryň ýolbaşçylaryna bu ýerde öz ugurlaryna dahylly täze hyzmatdaşlaryny tapmaga mümkinçilik döredildi.
Häzirki wagtda hususy toplum oňat hilli harytlary we hyzmatlary hödürlemek, azyk we çap önümlerini, dokma we gurluşyk materiallaryny, mebel öndürmek üçin maýa goýumlaryny gönükdirmek arkaly, dürli ykdysady we durmuş bilen bagly wezipeleri berjaý etmekde döwletiň oňaýly hyzmatdaşy hökmünde ynamly gadam urýar. Galyberse-de, sergidäki iş ýurdumyzyň telekeçileriniň marketing boýunça tejribesiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Ýylyň esasy sergisiniň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara diplomlary we şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.
Ykdysady foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda döwlet Baştutanymyzy berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ösüşi we rowaçlygy ugrunda öz güýçlerini aýaman zähmet çekjekdigine ynandyrdylar.