Şu gün Daşoguz welaýatynyň pagtaçylaryndan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hoş habar gelip gowuşdy. Şonda Watan harmanyna 234 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda gazanan bu zähmet ýeňşi bilen demirgazyk welaýatyň hasyl ussatlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagyny iberdi.
Bu zähmet ýeňşinde pagtaçy-kärendeçileriň, ýer eýeleriň, mehanizatorlaryň we suw hojalygynyň işgärleriniň ägirt uly goşandynyň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatyň has öňdebaryjy hojalyklaryny atlandyrdy. Olaryň hatarynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň “Azatlyk”, “Şamahy”, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň “Täze durmuş” we “Sazanda”, Gubadag etrabynyň “Türkmenistan” we “Gökçäge”, Ruhubelent etrabynyň “Aşyk Aýdyň”, Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky, Akdepe etrabynyň “Pagtaçylyk” daýhan birleşikleri bar.
Bu hojalyklarda häzirki güne çenli meýilnamadan artyk pagta taýýarlandy. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap sebitde gymmatly çig maly taýýarlaýan iri etraplaryň biri bolmak bilen, olar şertnamalaýyn borçnamalaryny 10 göterim artyk ýerine ýetirdiler. Indi demirgazyk welaýatyň pagtaçylarynyň öňünde ýetişdirilen hasyly iň soňky übtügine çenli ýygnap almak wezipesi durýar.
Daşoguzly daýhanlaryň gazanan bu zähmet ýeňşi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriniň aýdyň netijesidir. Önümçilige has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy, daýhanlaryň yzygiderli höweslendirilmegi we ahyrky netijä bolan gyzyklanmalary zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. Häzirki döwürde ekerançylygyň iň bir çylşyrymly we aýratyn jogapkärçiligi talap edýän pudagy bolan pagtaçylygy ösdürmek häzirki zaman ylmy esasynda alnyp barylýar. Bu ugurda diňe bir ylym däl, eýsem, oňyn tejribe, ilkinji nobatda bolsa yhlasly zähmet zerur bolup durýar.
Welaýatyň gowaça ekilen 140 müň gektar meýdanynda ähli zerur bolan agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, bu ýerde gowaçanyň sebitiň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän 149-F, S-4727, Daşoguz-120, “Serdar” ýaly görnüşleriniň ekilmegi, ýokary öndürijilikli ýygym tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy hem-de amatly howa şertleri daşoguzlylaryň gazanan zähmet üstünliklerini şertlendirdi. Iň esasy bolsa kärendeçileriň we mehanizatorlaryň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki şahamçalarynyň, awtoulag sürüjileriniň we “ak altyn” hasylyny ýygnamaga gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi, bökdençsiz hereket üstünligiň baş şerti bolup durýar. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminde kabul ediş bölümlerine, şeýle hem pagtanyň hiline gözegçilik edýän “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işgärlerine möhüm orun degişlidir.
Kabul edilen pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy we dokma kärhanalary işiň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişdiler. Dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan türkmen pagtasyny gaýtadan işlemek arkaly alynýan girdeji biziň obalarymyzyň mundan beýläk-de abadanlaşdyrylmagy, täze mekdepleriň, döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň, sport toplumlarynyň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, sebitleriň durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, bir söz bilen aýdylanda bolsa, halkymyzyň abadançlyk derejesiniň ýokarlanmagy we Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär.
Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Ýüzlenmesinde häzirki döwürde özleri üçin döredilýän ykdysady şertlere daýanmak arkaly mundan beýläk-de öz öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda yhlasly zähmetlerini gaýgyrmajakdyklaryna, obasenagat toplumynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla etjekdiklerine we mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şu gün welaýatyň gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli guralan dabarada has tapawutlanan oba hojalyk işgärlerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.