Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
ABŞ-dan we Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, A-80 görnüşli awtoulag benzinini daşary ýurt puluna satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna bugdaý uny, nah ýüplük we pagta übtügi ýerlendi. Satyn alan ýurtlaryň arasynda Beýik Britaniýa, BAE, Polşa bar. Geleşikleriň umumy möçberi ABŞ-nyň 20 million 877 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdeleriniň hasabyna Hytaýyň, Russiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlary arassalanan pagta ýagyny, süýji-köke önümleri, nah ýüplügi, garaköli goýnunyň ýuwlan ýüňini we düýäniň ýüwlan ýüňüni jemi 7 million 294 müň manatlykdan gowrak möçberde satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin 250 müň manatlyk bugdaýy satyn aldylar.