Göni bir ýyl mundan ozal „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň „Gazygaýtadanişleýiş“ müdirliginiň ulgamynda täze önümçilik – bir ýylda „mawy ýangyjyň“ 1 milliard kubmetrini gaýtadan işlemäge niýetlenilen suwuklandyrylan gazy almak üçin ikinji enjam gurnaldy.
Suwuklandyrylan gazy almagyň ikisi bilen birlikde iri senagat uzeli emele geldi. Gelip gowuşýan tebigy gaz bu ýerde aşa gyzgynlykda we aşa pes temperaturada degişlilikde guradylýar we sowadylýar. Netijede bolsa, gerek bolan suwuklyk ýagdaýyna getirilýär. Şondan soňra alynan kondensat öz ammaryna ugradylýar. Soňra propan-butan 40 kilometrlik turba geçiriji arkaly Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň gu[uş terminalyna gelip gowuşýar. Bu ýerden bolsa ol daşary ýurtlara iberilýän ugur boýunça iberilýär. Şeýle hem parallellikde alynan gaz kondensaty beýleki turba bilen daşary ýurtlarda aýratyn islegden peýdalanaýn ýagty nebit önümleri SNGZ berilýär.
Bagaja toplumynda ýylyň başyndan bäri ýangyç önümleriniň iki görnüşiň hem tabşyrygy artykmajy bilen ýerine ýetirildi, Şeýle hem on aýyň tabşyrygy beýleki bir suwuklandyrylan gazy almak boýunça dört sany desgadan ybarat bolan iri Naýyp toplumynyň işgärleri ýerine ýetirmegi başardylar. „Mawy ýangyç“ bu ýere ýerasty turbalar arkaly Naýyp, Kerpiçli, Böwrideşik, Balguýy, Gyzyldepe we beýleki burawlanan ýataklardaky onlarça ulanyş guýularyndan gelip gowuşýar.
Gymmat bahaly ýangyç önüminiň iki görnüşi gaýtadan işlenilenden soňra aýratynlykda 50 kilometrlik turbalar arkaly Gazojak şäherçesiniň ýakynyndaky guýuş terminalyna akdyrylýar. Bu ýerden bolsa suwuklandyrylan gazy wagon sisternalary we uly ýük göteriji awtoulaglar arkaly dürli bellenilen ýerlere äkidilýär, kondensat demir ýol arkaly Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna iberilýär. Naýypdan alynýan tebigy gazyň özi üçinji ugur boýunça magistral gaz geçirijisine berilýär.
Umuman müdirlik boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda meýilnamada göz öňünde tutlan 109,9 müň tonnanyň ýerine 117,7 mvň tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi, suwuklandyrylan gaz – 83,3 müň tonnasy öndürildi. Bu bolsa meýilnamada göz öňünde tutulandakysydan ep-esli köpdür.