Şu ýyl Türkmenistanyň „Daýhanbahk“ döwlet täjirçilik banky ýerine ýetirýän işleriniň ugruna garamazdan telekeçilik maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge girişdi. Bank 2008-nji ýyldan başlap oba hojalyk ulgamynda hususy taslamalary maliýeleşdirýär.
Soňky ýyllarda bank gurluşynyň hususy bölek bilen hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Özgertmeleriň çäklerinde döredilen maliýe-ykdysady gurluşlar maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin öňyn mümkinçilikleri döredýär.
Ilkinji nobatda oba hojalyk toplumyna hyzmat edýän „Daýhanbank“ müşderilere bankara hasaplamalary, karz bermegi, gündelik hasap-kassa hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen, elýeter bahalardan hyzmatlary edýär. Ilat üçin amatly şertlerde goýumlary goýmagyň köp sanly görnüşleri, elektron pul geçirmeleri we beýleki hyzmatlar bar.
Döwlet tarapyndan telekeçiligiň goldanylmagy netijesinde, oba hojalyk önümçiliginden daşgary hem beýleki ulgamlary öz içine almak bilen, bank tarapyndan edilýän hyzmatlaryň gerimi giňedi. Doly däl üç aýyň dowamynda Türkmenistanyň „Daýhanbank“ DTB we onuň welaýat hem-de etrap bölümleri tarapyndan berilýän karz puluň täze görnüşinden telekeçileriň onlarçasy peýdalandy. Umuman, 2008-nji ýyldan bäri bolsa, bankdan we onuň bölümlerinden maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin ýeňilleşdirilen karz puly eýýäm telekeçilik gurluşlarynyň 250-den gowragy aldylar.
Karz pul bermegiň täze düzgüni awgust aýynda güýje girdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň „Kiçi we orta telekeçiligi dňwlet tarapyndan goldamak hakynda“ Kararyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Karz pul bermegiň bu görnüşine senagat önümçiligini, gurluşygy, ulag pudagyny, aragatnaşyk, maglumatlar tehnologiýasyny, hyzmat we durmuş taýdan hyzmat ediş, saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalary degişlidir. Şeýle hem täze we taşlanan ýerleri özleşdirmek, öba hojalyk önümçiligini ösdürmel we giňeltmek, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, agyllary, fermalary, kiçi sehleri gurmak, mallary, guşlary, ot-iýmleri, mineral dökünlerini, tohumy, nahallary satyn almak we beýlekiler parz puluny bermegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Karz pul bermek ýeňilleşdirilen görnüşdedir we ol ýyllyk 5 göterim boýunça hususy puluň hasabyna hem-de milli we daşary ýurt pullarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleriniň hasabyna açyk karz puluň ugry boýunça amala aşyrylýar. Maýa goýum taslamalary boýunça karz pullaryny bermeklik 10 ýyl möhlet bilen berilýär, dolanşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyllyk möhlet bilen berilýär. Ýeňilleşdirilen karz pullary täze iş orunlaryny döretmäge, ýurtda öndürilýän harytlar bilen bazarlary üpjün etmäge, bäsdeşligi ösdürmäge şert döredýän maýa goýum taslamalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň „Daýhanbank“ DTB tarapyndan berilmegini has talap edýän müşderilerine dört ýylyň dowamynda birsyhly uly islegden peýdalanýan husuy ýaşaýyş jaýlaryny gurluşygyny berilýän göterimsiz karz puly telekeçiligiň ösdürilmegine şert döredýär. Eger-de öňler ol diňe döwlet gurluşyk kärhanalaryna berilýän bolsa, onda 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri hususy-potratçylara her karz pullary berilýär. Karz puluny bermekligiň ugruny açmaklyk potratçynyň, etrap ýa-da şäher häkimliginiň hem-de ýurduň raýatynyň arasynda baglaşylan üç taraplaýyn şertnama esaslanýar. Potratçylar ilkibaşda ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň 20 göterimini hak ujy görnüşinde alýarlar, soňky tölegleri bolsa, hakyky ýerine ýetirilen iş üçin tapgyrlaýyn alýarlar. Hususy potratçylara karz puly ýyllyk 7 göterim bilen berilýär.
Bankyň amala aşyrýan hyzmatynyň bu görnüşi netijesinde ýurduň raýatlary täsirli maliýe ýitgisiz we oňaýly şertlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň doly hukukly eýeleri boldylar. Olaryň köpüsiniň bolsa oba zähmekeşleridigi – daýhanlar, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, kärendeçiler bolmaklary bellärlikli ýagdaýdyr.
Oba hojalyk telekeçilerine döwlet tarapyndan berilýän şertler we ýeňillikler, işi bu ugry nazarlaýan Türkmenistanyň „Daýhanbank“ DTB dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň (şol sanda pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, gant şugundyrynyň) satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwlet tarapyndan has kämilleşdirilen hasaplaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy bu işleriň oňaýly taraplarydyr. Bu babatda bankyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri hem oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen daýhan birleşiklerinde Türkmenistanyň „Daýhanbank“ DTB serişdeleriniň hasabyna açyk karz pul arkaly degişli taýýarlaýyş guramalary bilen amala aşyrylýan öz wagtynda we doly geçirilýän hasaplaşykdyr.
Şeýlelikde, bu günki gün döwlet hususy bölege giň mümkinçilikleri döredýär: hususy ýaşaýyş jaýyny ýeňilleşdirilen usulda gurmaga, täzeçillik taslamalaryny ornaşdyrmaga we amala aşyrmaga, telekeçilik işiniň durnukly görnüşlerini saklamaga we giňeltmäge, onuň üçin gerek bolan goşlary, enjamlary, materiallary we beýleki zatlary satyn almaga uly mümkinçilikler döredýär. Şeýle ýokary goldawlar – telekeçiligi ösdürmek üçin kuwwatly itergidir.