Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig maly we dury nebit önümlerini saklamak üçin umumy göwrümi 9000 kubmetr bolan 12 sany rezerwuarlar gurulýar. Olaryň altysy Türkmenbaşy şäherinde toplumyň çäklerinde, bäşisi – nebit önümleri saklanaýan we ugradylýan şäher etegindäki Kenar şäherçesindäki kärhanada, biri hem Kenaryň kärhanasy ýaly TNGIZT gurluş düzümine girýän Seýdi şäherindäki ýerli nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gurular.
Gurluşyň başlangyjy Türkmenbaşy şäherinde başlandy. Bu ýerde, nebiti gaýtadan işleýän toplumyň senagat zolagynda nebiti we dizel ýangyjyny saklamak üçin her biriniň sygymlylygy on müň kub bolan rezerwuarlaryň iki sanysy we benzini saklamak üçin sygymlylygy bäş müň kub bolan bir sany rezerwuaryň rulon metal konstruksiýalaryny açmak boýunça işler alnyp barylýar. Dizel ýangyjy üçin niýetlenen rezerwuaryň gurluşygynda silindr diwarlary goýmak; nebit önümlerini saklaýan gabyň düýbi gurnalan 10-müňlük rezerwuarda demirbeton esasyny enjamlaşdyrmak işleri tamamlanyp barýar. Benzin üçin niýetlenen 5 müňlük rezerwuaryň gurnama meýdançasynda ýer işleri ahyrlap barýar hem-de binýadyny gurmaga taýýarlyk görmek işlerine başlandy.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, haryt-çig mal parkyny döretmek boýunça TNGIZT önümçilik maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýan iri göwrümli taslamany amala aşyrmaga „Türkmennebitönümleri“ Baş müdirliginiň „Türkmengündogarnebitgurluşyk“, „Türkmenýöritenebitgazgurluşyk“ edaralarynyň we beýleki gurluşyk-gurnama guramalarynyň gurluşyk bölümleri gatnaşýarlar. Rulan gaplamalarda rezerwuarlary getirmek işlerini „Zaporožýäniň demir gurluşyk kärhanasy“ (Ukraina) amala aşyrýar.