Ï Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty

view-icon 863
Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Awstrýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasynyň GDA ýurtlary bölüminiň direktory Haýns Walteriň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Wekiliýetiň düzüminde Awstriýanyň telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda eýýäm öz wekilhanalary bolan şeýle hem biziň ýurdumyza ilkinji gezek gelen kompaniýalaryň wekilleri bar. Olaryň hatarynda “WOMA GmbH”, “Sсhoeller Bleсkmann AG”, “Unger Stahlbau GmbH”, “Sсhraсk Seсonet AG”, “Oswelt GmbH”, “AME Interhational”, “Landhof” we beýleki kompaniýalary görkezmek bolar. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wolfgang Banýaý duşuşygy açmak bilen, işewür çärä gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etdi we bu maslahatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda işjeň ösdürilýän gepleşikler nukdaý nazaryndan hem möhüm ähmiýetini nygtady.

Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasynyň we bu dostlukly ýurduň Ilçihanasynyň söwda bölüminiň wekili Mihael Mýuller öz çykyşynda Awstriýanyň Türkmenistan bilen köp taraply işewürlik hyzmatdaşlygy, şol sanda nebitgaz, saglygy goraýyş we farmaseftika, suw we oba hojalygy, azyk senagaty üçin enjamlary ibermek boýunça gatnaşyklary ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişileri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän öňden görüjilikli syýasatyň netijesinde Türkmenistanda uzakmöhletleýin maýa goýumlary üçin amatly şertler döredildi. Türkmenistanda işleýän maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler berilýär. Şonuň netijesinde hem soňky ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi ep-esli artdy, harytlaryň sanawy giňeldi.

Işewürlik we netijeli pikir alyşmalar häsiýetine eýe bolan mejlisiň çäklerinde awstriýaly telekeçileriň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz böleginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, şeýle hem telekeçiligi okgunly ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň ähmiýeti barada ýörite taýýarlanan film görkezildi.

Maslahatyň çäklerinde Awstriýanyň kompaniýalarynyň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň jemleýji bölegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirildi. Onda awstriýaly işewürleriň we bu Birleşmäniň agzalarynyň arasynda “tegelek stoluň” başynda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň kununçylygyna laýyklykda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilýän amatly şertleriň artykmaçlyklary hakynda pikir alşyldy. Şonda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe tutuş dünýä işewürligi üçin biziň ýurdumyzda döredilen özüne çekiji hem-de amatly maýa goýum ýagdaýynyň geljegi baradaky meselelere aýratyn orun berildi.